Sagdyn iýmitlenmek sagdyn ýaşaýyş

Sagdyn iýmitlenmek saglygy berkitmegiň we keselleriň öňüni almagyň ygtybarly serişdesi bolup durýar.Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň maglumatlaryna laýyklykda, adamyň saglygynyň 60-70 göterimi onuň iýmitine we şahsy durmuş düzgünlerine, ýagny özüne bagly bolup durýar. Ýokanç däl keseller, şol sanda semizlik, onuň bilen bagly ýürek-damar, süýjüli diabet, dowamly öýken keselleri we täze döremeler ýa-da witaminleriň, beýleki ýokumly maddalaryň ýetmezçiligi iýmitlenmegiň kadalarynyň bozulmagy bilen bagly bolýar.

Sagdyn iýmitlenmek bilen bir hatarda, ösüp gelýän ýaş nesliň beden taýdan sagdyn bolmagy üçin mekdep ýaşyna çenli çagalaryň we okuwçylaryň iýmitlenişi gözegçilikde saklanyp, olaryň iýmitleriniň köpdürlüligi dürli witaminlere baý bolan gök önümler, gyzgyn nahar bilen üpjün edilişi, kadaly iýmitlenişiniň gün tertibi berk gözegçilikde saklanýar. Ýurdumyzyň saglyk öýleriniň lukmanlary, maşgala lukmanlary hem ilat arasynda dogry iýmitlenmegi yzygiderli wagyz-nesihat edýärler.

Şahsy we jemgyýetçilik arassaçylyk tertip-düzgünlerini elmydama berk berjaý etmeklik islendik ýokanç keselleriň öňüni almak üçin möhümdir. Şahsy arassaçylyk kadalarynyň pugta berjaý edilmegi keselden goranmaga oňat kömek edýär.

Hünärmenleriň belleýşi ýaly zerur bolmasa, adamlaryň köp üýşýän ýerine barmakdan saklanmaly.Köpçülik ýerlerinde, ulagda, iş ýeriňizde beýleki adamlar bilen azyndan 1,5-2 metr howpsuz aralygy saklamaly.Iş ýeriňizi, peýdalanýan enjamlaryňyzy, el telefonlaryňyzy we beýleki şahsy zatlaryňyzy ýygy-ýygydan birgezeklik çygly süpürgiçler bilen süpüriň.

Daşardan öýe geleniňizde eliňizi, ýüzüňizi, endamyň açyk böleklerini sabynlap ýuwmaly, elleriňi ýörite zyýansyzlandyryjy suwuklyga suwamaly.Elleşip salamlaşmakdan, gujaklaşyp görüşmekden saklanmaly. Üsgüreniňizde, asgyranyňyzda, agzyňyzy we burnuňyzy birgezeklik elýaglyk bilen ýapmaly. Şahsy arassaçylyk düzgünleriniň esasylary hem, elleri yzygiderli sabyn bilen ýuwmak, agyz boşlugyny duzly ergin bilen çaýkamaklyk, burnuň nemli örtüklerine “Oksolin” melhemini çalmak bolup durýar. Ýaşalýan otaglaryň penjirelerini açyp, günüň dowamynda yzygiderli şemalladyp, howasyny tämizläp durmaly.

Agyz boşlugyny duzly suw (1 bulgur gaýnadylyp sowadylan suwa 1 çaý çemçesi duzy goşmaly) bilen çaýkamaly.Otaglarda günüň dowamynda hormatly Prezidentimiziň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly ylmy-ensiklopedik eserler toplumyndan, ylmy esasda öwrenilen üzärlik ösümliginiň guradylan otuny tüsseletmek arkaly howpsuz mikroklimaty üpjün etmeli, şeýle hem yzygiderli çygly arassaçylyk işlerini geçirip durmaly. Şu döwürde günüň dowamynda 2-2,5 litre çenli arassa agyz suwuny yzygiderlikde, bedene agram salman içmek maslahat berilýär.

Beden synalaryny taplamak zerur.Munuň üçin çagalykdan başlap arassa howada köpräk gezelenç etmeli, bedenterbiýe maşklaryny ýerine ýetirmeli, üstüňden ýyly we salkyn suwy gezekleşdirip akytmaly.Içerini ýelejireden wagtyňyzda şemal çekýän ýerde durmak, sowadyjyda duran suwdan içmeklik, daşardan gyzyp gelen badyňa howany serginledýän enjamyň golaýyna barmaklyk maslahat berilmeýär. Şeýle hem, türkmen tebigatynyň dermanlyk ösümlikleri bolan çopantelpek, ýandak, narpyz, atgulak, käkilik oty, itburun ýaly ýurdumyzyň derman senagaty kärhanalarynda melhemlik derejesine ýetirilip, ýörite taýýarlanylan melhem çaýlardan yzygiderli içmeklik bilen öz saglygyňyzy berkitmegi hem, lukmanlar ildeşlerimize maslahat berýär.

Gyş paslynyň dowam edýän şu günlerinde, sagdyn-durmuş ýörelgelerini berjaý etmegiň esasy şertleriniň biri bolup durýan, kadaly iýmitlenmegiň düzgünlerini berjaý etmek hem zerur bolup durýar.Kadaly iýmitlenmegi fiziki işjeňlik bilen utgaşdyrmaly.

Irdenki maşklary ýerine ýetirmek ulular bilen bir hatarda çaganyň hem ukudan açylmagyna we işdäsiniň açylmagyna, günüň dowamynda şähdaçyk, işjeň bolmagyna getirýär.Eger-de çaga ýörite sport gurnaklaryna gatnamaýan bolsa, her-hili oýunlary oýnamak bilen (ýüpde bökmek, halkalarda her-hili maşklary ýerine ýetirmek, howluda woleýbol, futbol oýnamak, nahardan soň gezelenç etmek, welosiped sürmek we ş.m.) boş wagtyňy gyzykly geçirmäge döredilen şertlerden peýdalanmaly.

Öz ýurdumyzda öndürilýän we dünýä bazarlarynyň harytlarynyň hil derejesine laýyk gelýän gökdür miwe, bakja önümlerimizi talabalaýyk arassalanandan soň, ter görnüşde ulanmaklyk hem wajypdyr.Bu iýmit önümleri ak bazarlardan we söwda merkezlerinden, satyn alynmalydyr.

Gaplanan iýmit önümlerini, bir gezek iýmekden galan tagamlary iýmekden saklanmalydyr.Gündelik iýmitiň düzümi witaminlere, beloklara, dürli peýdaly minerallara baý bolmalydyr. Şu maksat bilen ter miwedir gök önümleri, et we süýt önümlerini, kakadylan miweleri köpräk iýmeklik maslahat berilýär.

Gülbahar Şyhmyradowa,

Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitwtiniň

fakultet terapiýa kafedrasynyň lukman-laboranty.

The post Sagdyn iýmitlenmek sagdyn ýaşaýyş appeared first on Zaman Türkmenistan.

Ýene degişli makalalar

Güýz paslynda saglygyňyzy goramak üçin maslahatlar
Türkmenistanly agyr atletikaçy Pariž Olimpiadasyna ýollanma gazandy
Jöwzaly yssydan goranalyň!
“Avtoperegon”: Aşgabat şäherinde tiz we amatly şahsy sürüji hyzmaty
Aşgabat şäher häkimliginiň sanly hyzmatlar portaly kämilleşdirildi
$5 milliard dollarlyk Arkadag şäherindäki jaýlaryň hili köpleri lapykeç edýär
Tomus pasly üçin peýdaly maslahatlar