Saharadan meteorit-bumerang tapyldy

Fransiýanyň Eks-Marsel uniwersitetiniň bilermenleri Sahara çölünden asteroid bilen çaknyşansoň Ýerden gopup aýrylyp, ep-esli wagt kosmosda bolup, soň ýene-de yzyna gaçan ilkinji meteorit-bumerangy tapdylar. Bu açyş barada “Daily Mail” habar berýär.

NWA 13188 meteoriti Sahara çölünden tapyldy. Onuň barlaglarynda düzüminde dünýäde wulkan jisimleri üçin mahsus bolan bazalt we andezit porfiritleriniň bardygyny görkezdi. Şeýle-de, onuň düzüminde diňe kosmosdaky şöhleler bilen özara täsire giren halatynda emele gelip biljek “berilliý-3”, “geliý-10” we “neon-21” izotoplarynyň jemlenmesi ýokary bolup çykdy.

Barlag geçirijiler daşyň düzüminden meteoritleriň Ýeriň atmosferasyndan uçup, ýere gaçmagy netijesinde, emele gelýän erän gabygy tapdylar. Olaryň pikiriçe, daş ýerden gelip çykypdyr, ýöne, takmynan, 10 müň ýyl mundan ozal asteroid bilen çaknyşmanyň netijesinde, kosmosa zyňylypdyr, soňra ýene-de Ýere gaçypdyr.

Ýene degişli makalalar

Alymlar: Çagalaryň ene-atalaryna meňzeşdigi baradaky gürrüň dogry däl
Tesla zawodynda robot adama hüjüm etdi
Awstraliýada Titanik gämisiniň nusgasyny suwa goýbermekçi bolýarlar
Iki müň türkmenistanly ABŞ-da gaçybatalga durumy boýunça kazyýet diňlenişigine garaşýar
Ilon Mask Nobeliň parahatçylyk baýragyna hödürlendi
Adamlar zerarly Marsda takmynan 7,12 tonna kosmiki zyňyndy toplanypdyr