Sanjym Australian Open ýaryşyna gatnaşmak üçin hökmany şert bolar

Sanjym Australian Open ýaryşyna gatnaşmak üçin hökmany şert bolar

Awstraliýanyň hökümeti möwsümde ilkinji “Uly tuwulga” ýaryşy bolan Australian Open-e gatnaşyjylar üçin koronawirusa garşy hökmany sanjym düzgünini girizdi. Şol sebäpli öňdebaryjy tennisçilerň köpüsi ýaryşa gatnaşyp bilmez. Bu barada “The Age” neşirine salgylanyp, sportrbc.ru habar berýär.

Çarşenbe güni Awstraliýanyň immigrasiýa, raýatlyk we medeni köpdürlülik meseleleri boýunça ministri Aleks Houk ýaryşa gatnaşmak isleýän ähli tennisçileriň ýurda gelmezden öň doly sanjym almalydygyny aýtdy.

“The Age” neşiriniň Professional tennisçileriň assosiasiýasynyň (ATP) we Zenanlaryň tennis assosiasiýasynyň (WTA) maglumatlaryna salgylanyp habar bermegine görä, häzirki wagtda tennisçileriň 35%-i we zenan tennisçileriň 40%-i doly sanjym almady.

Hususan-da, ýaryşy soňky üç ýylda Australian Open-de ýeňiji bolan dünýäniň ilkinji raketkasy Nowak Jokowiç sypdyryp biler.

Täze möwsümde ilkinji “Uly tuwulga” ýaryşy 2022-nji ýylyň 17 30-njy ýanwarynda geçiriler.

Ýene degişli makalalar

Dünýäniň birinji raketkasy Medwedew Meksikadaky ýaryşda ýeňiş gazandy
Alkaras resmi taýdan ATP-niň reýtinginde birinji orundan Medwedewi gysyp çykardy
Ispaniýaly Alkaras US Open-iň ýeňijisi boldy
Dünýäniň birinji raketkasy Iga Swýontek US Open-iň ýeňijisi boldy
Dünýäniň birinji raketkasy Alkaras Astanada ýaryşyň birinji aýlawyndan gaýtdy
Nowak nobatdaky rekordy täzeledi
Jokowiç US Open-iň finalynda Medwedewden üstün çykdy