Senatdaky orun üçin saýlawlaryň ikinji tapgyry geçirildi

Düýn 6-njy dekabrda ABŞ-nyň Jorjiýa ştatynda ABŞ-nyň Kongresiniň Senatyndaky iň soňky boş orun üçin saýlawlaryň ikinji tapgyryny geçirdi.

Häzirki demokrat-senator Rafael Warnok respublikan bäsdeşi Herşel Walker bilen bäsleşýär.

Noýabr aýynda geçirilen aralyk saýlawlaryň birinji tapgyrynda hiç bir dalaşgär ştatdaky saýlawçylaryň ýarysyndan gowragynyň goldawyny alyp bilmedi.

Jorjiýa ştatynyň saýlaw komissiýasynyň agzasynyň pikiriçe, bu “örän dartgynly bäsleşik” bolup, ýeňijiniň saýlawdan soň birbada belli bolmazlygy mümkin.

Aralyk saýlawlaryň netijelerine görä, demokratlar ABŞ-nyň Senatynyň gözegçiligini sakladylar, ýöne özleriniň köplügini artdyrmaga tagalla edýärler.

Respublikanlar bolsa, Wekiller palatasyna gözegçiligi öz ygtyýarynda saklamagyň hötdesinden geldiler we Ak tamyň we demokratlaryň gün tertibine çynlakaý üns bermegi wada berdiler.

Paýlaşylan Kongres ilkinji gezek 2023-nji ýylyň 3-nji ýanwarynda duşuşar.

Ýene degişli makalalar

Dünýä Kubogyna öýlerinde tomaşa etjek ýyldyzlar
Italiýada gidroelektrik desgasynda bolan partlamada 4 adam ýogaldy
Italiýada mafiýanyň lideri göz tussaglygyna alyndy
Dünýäniň dört künjeginden Türkiyä gynanç ýüzlenmeleri gelip gowuşýar
Dünýä liderleri Türkiyä gynanç bildirýärler
Dünýä ýurtlary Türkiyä kömek ugratmaga dowam edýär