Serdar Berdimuhamedow Hökümet mejlisini geçirdi

Serdar Berdimuhamedow Hökümet mejlisini geçirdi

Şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Bu barada Watan habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, mejlisiň gün tertibine döwlet durmuşynyň birnäçe meseleleri girizildi.

Hökümet mejlisinde, ilki bilen, Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa söz berildi. Ol milli kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça geçirilýän işler barada maglumat berdi.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Raýat kodeksiniň täze beýanyny, “Energiýany tygşytlamak we energiýadan netijeli peýdalanmak hakynda”, “Gidrometeorologiýa işi hakynda” Türkmenistanyň Kanunlaryny hem-de hereket edýän birnäçe kanunlara üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek bilen baglanyşykly kanun taslamalaryny taýýarlamak işleri dowam etdirilýär.

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynda Mejlisiň deputatlary tarapyndan hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça okaýan diňleýjileriň nazary okuwlarda alan bilimlerini iş ýüzünde berkitmek maksady bilen, önümçilik-tejribe okuw sapaklary geçirildi. Şunuň bilen birlikde, daşary ýurtlaryň parlamentleri we abraýly halkara guramalar bilen gatnaşyklary pugtalandyrmak boýunça yzygiderli görülýän çäreler barada habar berildi.

Mejlisiň deputatlary Türkmenistanda Daşary söwda düzgüni barada Ähtnamany taýýarlamak bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak boýunça Aziýanyň Ösüş bankynyň geňeşçileriniň we Bütindünýä söwda guramasynyň wekilleriniň geçiren iş duşuşygyna, Halkara Gyzyl haç komitetiniň Türkmenistandaky wekilhanasynyň geçiren “Halkara ynsanperwer hukugynyň kadalaryny milli derejede ornaşdyrmakdaky meseleler hem-de olary milli kanunçylyga ornaşdyrmagyň netijeli guraly” atly okuw maslahatyna gatnaşdylar. Şeýle hem Mejlisiň deputatlary döwlet syýasatyny, ýurtda durmuşa geçirilýän özgertmeleriň, gazanylýan üstünlikleriň we “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň syýasy-jemgyýetçilik ähmiýetini wagyz etmek hem-de kabul edilen kanunlaryň many-mazmunyny halk köpçüligine düşündirmek boýunça degişli işleri alyp barýarlar.

Prezident Serdar Berdimuhamedow häzirki zamanyň talaplaryna laýyk gelýän täze kanun taslamalaryny işläp taýýarlamagyň wajypdygyny belledi. Döwlet Baştutany bu ugurda alnyp barylýan işleri dowam etmegiň möhümdigini aýdyp, kabul edilýän kanunlaryň döwletiň ösüş maksatlaryny beýan etmelidigini nygtady.

Soňra wise-premýerler hem-de Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işler, pudaklary mundan beýläk-de ösdürmek ugrunda durmuşa geçirilýän çäreler, ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi, degişli ugurlar boýunça öňde boljak çäreler, olara görülýän taýýarlyk işleri barada hasabatlary berdiler.

Hasabatlarda degişli ulgamlar boýunça düzümleriň 2024-nji ýyl üçin iş meýilnamalaryny taýýarlamak boýunça ýerine ýetirilen işler barada hem aýdyldy.

Degişli wise-premýer türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu ýylyň 4-5-nji ýanwarynda Birleşen Arap Emirliklerine iş saparynyň netijeleri barada döwlet Baştutanyna hasabat berdi.

Döwlet Baştutany hasabatlary diňläp, ýurduň dürli toplumlarynda, milli ykdysadyýetiň pudaklarynda alnyp barylýan işler, halkara gatnaşyklar, öňde boljak çäreler, pudaklary mundan beýläk-de ösdürmek ugrundaky wezipeler bilen baglylykda, degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklarydyr görkezmeleri berdi.

Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçiren Hökümet mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny we ýurduň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistanyň Prezidenti Hökümet mejlisini geçirdi
Serdar Berdimuhamedow 4 aýyň jemine bagyşlanan Hökümet mejlisini geçirdi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistanyň Mejlisindäki duşuşyk