“Şerif Tiraspol” UEFA Çempionlar ligasynyň täze wekili

UEFA Çempionlar ligasynyň pleý-off oýunlary tamamlanyp, toparçalarda çykyş etmäge hukuk gazanan ähli toparlar belli boldy. Öz meýdançasynda “Dinamo Zagrebi” 3-0 ýeňen Moldowanyň “Şerif Tiraspol” topary myhmançylykda golsuz deňme-deň oýnady (0-0) we taryhynda ilkinji gezek läheňleriň ligasyna adyny ýazdyrdy.

Ol bu ýaryşda çykyş ilkinji moldowan kluby bolar. “Şerif” topary Çempionlar ligasynda çykyş etjek 146 klub bolsa, Moldowa bu ýaryşa wekil ugradan UEFA-nyň 34-nji agzasy boldy.

Ýaryşyň birinji saýlama tapgyryndan başlan Şerif bu tapgyrda Albaniýanyň Teuta toparyny myhmançylykda 4-0, öz meýdançasynda-da 1-0 ýeňdi. Şerif 2-nji saýlama tapgyrynda Ermenistanyň Alaşkent toparyny myhmançylykda 1-0, Tiraspolda 3-1 utdy. 3-nji saýlama tapgyrynda-da Serbiýanyň güýçli kluby Srwena Zwezdany 1-1 we 1-0 hasaplardan soň ýaryşdan çykardy.

“ŞAHTÝOR DONESK” 16-NJY GEZEK TOPARÇALARDA

Beýleki oýunlarda-da “Şahtýor Donesk” goşmaça wagtda “Monako” bilen 2-2 deňme-deň oýnap, 16-njy gezek toparçalarda çykyş etmäge hukuk gazandy. Birinji oýunda ukrain kluby 1-0 ýeňipdi. Red Bull Salsburg Daniýanyň Brondbýu toparyny myhmançylykda-da 2-1 ýeňip, yzly-yzyna 3-nji, umumylykda 4-nji gezek toparçalarda çykyş eder.

Sişenbe günki oýunlardan soň, Benfika, Malmö hem-de Ýang Boýs toparlary final tapgyryna ýollanma alypdy.

Dinamo Zagreb Şerif Tiraspol: 0-0 (0-3)

Brondbýu Red Bull Salsburg: 1-2 (1-2)

Şahtýor Donesk Monako: 2-2 g.w. (1-0)

Ferenswaroş Ýang Boýz: 2-3 (2-3)

Ludogores Razgrad Malmö: 2-1 (0-2)

PSW Benfika: 0-0 (1-2)

Ýene degişli makalalar

Täze möwsümde Çempionlar Ligasyna gatnaşjak 32 klubuň 26-sy belli
“Fenerbahçe”, “Olimpiakos” toparlary üçin Çempionlar Ligasy tamamlandy
UEFA Çempionlar ligasy barada gyzykly maglumatlar
Şu gije UEFA-nyň Çempionlar ligasynda 5-nji tapgyra badalga berler
UEFA Çempionlar Ligasynda 3-nji duşuşyklar: “Inter” “Barselona”, “Çelsi” “Milan”
Wagtyndan öň 1/8 finala çykmakda “Real Madrid” öz rekordyny täzeledi