Şu gün Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň bijeleri çekiler

UEFA Çempionlar ligasynda toparçalarda çykyş etjek 32 klub belli boldy. Haýsy klubuň haýsy toparça düşjekdigi şu günki bije çekilişde belli bolup, bije çekiliş dabarasy Türkiýäniň Stambul şäherinde geçiriler. Bije çekiliş çäresi Aşgabat wagty bilen 21:00-da başlar. Dabaranyň dowamynda UEFA-da ýylyň tapawutlanan futbolçydyr tälimçileri-de mälim ediler.

“A” TORBA: Çelsi, Wilýarreal, Atletiko Madrid, Mançester Siti, Bawariýa, Inter, Lill, Sporting

“B” TORBA: Real Madrid, Barselona, Ýuwentus, Mançester Ýunaýted, PSŽ, Liwerpul, Sewilýa, Borussiýa Dortmund

“C” TORBA: Porto, Aýaks, Şahtýor Donesk, Leipsig, Red Bull Salsburg, Benfika, Atalanta, Zenit

“D” TORBA: Beşiktaş, Dinamo Kiýew, Klub Brýugge, Ýang Boýz, Milan, Malmö, Wolfsburg, Şerif Tiraspol

Ýene degişli makalalar

Ýewropada soňky çärýek asyryň çempionlary (habar-seljerme)
UEFA Çempionlar Ligasynda 3-nji saýlama tapgyryň 1-nji duşuşyklary geçirildi.
Garaşylmadyk topar ýeňlişsiz öňde barýar
“Red Bull” bu gezek “Aston Willany” ganatlandyrdy
“Şerif Tiraspol” UEFA Çempionlar ligasynyň täze wekili
“Mançester Siti” bilen PSŽ “A”, “Bawariýa” bilenem “Barselona” “E” toparçada