“Siti” oýnady, “Wigan” ýeňdi

Angliýanyň FA kubogynyň 1/8 finalynda garaşylmadyk netije hasaba alyndy. “Premier liganyň” lideri “Mançester Siti” myhmançylykda “Wigan Atletik” toparyndan 10 hasabynda asgyn gelip, ýaryşdan çykdy. 1-nji ýarymyň ahyrynda goragçysy (Fabian Delf) gyzyl petek alan “Sitiniň” torundan ýeňiş pökgüsini 79-njy minutda Grigg derwezä girizdi.

Oýunda topa 83 göterim erk eden “Mançester Siti” 24 urgudan netije çykaryp bilmedi.Meýdança çykan düzümindäki oýunçylarynyň transfer bazaryndaky bahasy 1,8 million funt sterlinge deň bolan “Wiganyň” topa 17 göterim erk edip, ýeňiş gazanmagy hemmäni geň galdyrdy. Çärýek finalda “Lester”“Çelsi”, “Wigan”“Southempton”, “M. Ýunaýted”“Braýton”, “Şeffild”/“Swansi”“Rokdeýl”/“Tottenhem” duşuşyklary geçiriler.

Ýene degişli makalalar

Germaniýa Konfederasiýalar kubogynyň eýesi
5 gezek çempion bolan ýeke-täk topar
XXIII gyşky Olimpiýa oýunlary
Çempion bolan topardan 9 oýunçyny çagyrdy
Transfer täzelikleri
120-nji möwsüme badalga berler