Şpisbergen adasyndaky arktiki dagyň eteginde gurlan ählumumy tohum saklawhanasy şu gün, 14-nji fewralda täze tohum görnüşlerini alar. Bu barada Reýter habarlar gullugyna esaslanyp, Belta ýazýar.
Saklawhana oba hojalyk ekinleriniň tohumlaryny uruşlardan, keselçiliklerden we beýleki betbagtçylyklardan aman saklamak üçin guruldy we ol ýylda diňe birnäçe gezek açylýar.
Şu gün Sudanyň, Ugandanyň, Täze Zelandiýanyň, Germaniýanyň we Liwanyň gen banklary bu gazna özleriniň toplumlaryndaky bugdaý, dary, jöwen ekinleriniň tohumlarynyň nusgalaryny bererler. Gurak etraplarda oba hojalyk ylmy-barlaglar boýunça Halkara merkez hem tohumlaryň 8 müň nusgasyny saklawhana berer.
Häzir saklawhanada ösümlikleriň 6 müň görnüşinden bolan tohumyň 1,1 million nusgalygy bar, olary bütin dünýäden tohumlaryň 89 banky saklawhana tabşyrypdyr.
