Sportuň taryhynda şu gün 6-njy iýul

6-njy iýul

Sportuň taryhynda şu gün mundan 108 ýyl ozal 5-nji tomusky Olimpiýa oýunlaryna badalga berilýär. Şeýle-de braziliýaly futbolçy Ze Roberto, ispaniýaly basketbolçy Pau Gasolyň doglan günleri.

Wimbledonyň 100-nji ýaryşynda-da erkekleriň arasynda Boris Beker çempionlyk gazanýar. Şweýsariýaly Rojer Federer hem Wimbledondaky ilkinji çempionlygyny gazanýar.NBA-nyň fransiýaly super ýyldyzy Toni Parker hem şu gün Holliwudyň meşhur aktrisasy Ewa Longoriýa bilen Parižde durmuş toýuny tutýar.

1912 Şwesiýanyň paýtagty Stokgolmda V tomusky Olimpiýa oýunlaryna badalga berilýär.

1974 Braziliýaly meşhur futbolçy Ze Roberto dünýä inýär.

1980 Ispaniýaly tanymal basketbolçy, NBA-nyň ýyldyzlaryndan Pau Gasol dünýä inýär.

1986 100-nji gezek geçirilen Wimbledon tennis ýaryşynda erkekleriň arasyndaky finalda germaniýaly Boris Beker finalda Iwan Lendli 6:4, 6:3 hem-de 7:5 hasaplar bilen ýeňlişe sezewar etdi.

2003 Wimbledon tennis ýaryşynda erkekleriň arasyndaky finalda şweýsariýaly Rojer Federer awstraliýaly Mark Filippossisi 7:6, 6:2, 7:6 hasaplar bilen ýeňýär. Bu onuň Wimbledondaky ilkinji çempionlygy bolýar.

2007 NBA-nyň fransiýaly ýyldyzlaryndan Toni Parker meşhur aktrisa Ewa Longoriýa bilen Parižde durmuş gurýar.

Ýene degişli makalalar

Hytaý 2024-nji ýylda äleme 100 uçuşy amala aşyrmakçy
Dünýäniň iň uly tohum ammary
Hytaý öz kosmonawtlaryny Aýa iberer
Budapeştde MTV Europe baýragynyň eýeleri yglan edildi
Lucid Air sedany geçýän ýolunyň uzaklygy boýunça Tesla-nyň rekordyny täzeledi
Hytaý Zhongxing-9B hemrasyny üstünlikli uçurdy
Ford-uň üýtgeşik atyry