Stambul Ýewropada iň gowy syýahatçylyk ugry adyna dalaş edýär

Stambul Ýewropada iň gowy syýahatçylyk ugry adyna dalaş edýär

Ýewropa Komissiýasynyň Durnukly syýahatçylyk ulgamy (EDEN) Stambul şäherini Ýewropanyň iň gowy syýahatçylyk ugry diýen ada dalaşgärleriň sanawyna goşdy. Bu barada Anadolu agentligine salgylanyp, Trend habar berýär.

Sanawda Stambul bilen bir hatarda London, Rim, Amalfitan kenarýakasy, Afina, Krit adasy, Wena, Gras, Bawariýa, Neýmegen, Praga, Marbelýa, Lýuwen, Lýusern, Lahti, Klonakilti, Lýublýana we Oradýa ýaly Ýewropa şäherleri-de bar.

Ses berişlik 10-njy fewrala çenli şu salgyda dowam edýär. Ýeňiji şol gün agşam yglan ediler.EDEN 2009-njy ýyldan bäri her ýyl iň gowy syýahatçylyk ugruny saýlaýar. 2021-nji ýylda Ýewropanyň iň gowy syýahatçylyk ugry adyna dalaş edenleriň sanawyna Türkiýäniň Kappadokiýa sebiti goşuldy.

Geçen ýylky bäsleşigiň ýeňijisi Portugaliýanyň Braga şäheri boldy.

Ýene degişli makalalar

Super ýyldyzyň Ýewropa Ligasyndaky ilkinji goly
UEFA Ýewropa Ligasynda 2-nji hepdäniň duşuşyklary geçirildi
Fransuz kluby üçin garaşylmadyk netije
Öňünden çykany ýeňýär
Çempionlar Ligasynda 3-nji saýlama tapgyryň bijeleri çekildi
Täze möwsümde Çempionlar Ligasyna gatnaşjak 32 klubuň 26-sy belli