Şwesiýanyň Premýer-ministri Türkiýede Saparda Bolar

Şwesiýanyň Premýer-ministri Türkiýede Saparda Bolar

Şwesiýanyň Premýer-ministri Ulf Kristersson Prezident R. T. Erdoganyň myhmany hökmünde ertir Türkiýä geler

Prezidentiň ýanyndaky Kommunikasiýalar edarasyndan berlen beýannama görä, ertir paýtagt Ankarada geçiriljek gepleşiklerde Türkiýe bilen Şwesiýanyň arasyndaky özara gatnaşyklar ähli taraplaýyn ara alnyp maslahatlaşylar.

Saparyň çäginde geçiriljek gepleşiklerde Türkiýäniň, Şwesiýanyň we Finlýandiýanyň arasynda baglaşylan üçtaraplaýyn teswirnama, Şwesiýanyň NATO agzalyk etaby, Türkiýe-ÝB gatnaşyklary bilen birlikde sebitara we halkara meseleleriň hem gün tertibine getirilmegine garaşylýar.

Beýleki tarapdan Şwesiýanyň Daşary işler ministri Tobias Billstrem ekstremist terror guramasy PKK/ÝPG bilen aragatnaşyk saklamak ýaly niýetleriniň ýokdygyny ýatlatdy.

Ýene degişli makalalar

Finlýandiýa we Şwesiýa Rus Ilçilerini Daşary Işler Ministrliklerine Çagyrdy
Türkiyäniň daşary işler ministri türkmenistanly kärdeşi bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Tobi Maguaýr “Wawilon” filminde Çarli Çapliniň keşbini janlandyrar
Belgiýanyň ýygyndysy mälim edildi, doganlar Hazarlar düzüme çagyryldy
Görkeziljek wagty mälim edildi
Garaşylýan filmiň görkeziljek wagty mälim edildi