Täze ýyl gijesi awtobuslar gije 1-e çenli hereket eder

Täze ýyl gijesi awtobuslar gije 1-e çenli hereket eder

31-nji dekabrdan 1-nji ýanwara geçilýän gijede Türkmenistanyň şäherlerindäki jemgyýetçilik ýolagçy awtobuslary 06:00-dan 01:00-a çenli halka hyzmat eder.

Türkmenawtoulaglary agentliginiň resmi saýtynda berilýän habara görä, Aşgabat, Arkadag, Balkanabat, Daşoguz, Mary, Türkmenabat şäherlerinde jemgyýetçilik awtobuslary 31-nji dekabrda 06:00-dan 2024-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda sagat 01:00-a çenli hyzmat eder.

Şeýle hem Aşgabat — Gökdepe, Aşgabat — Änew, Gökdepe — Arkadag ugurlary boýunça ýolagçy awtobuslary-da 1-nji ýanwara geçilýän gije sagat 01:00-a çenli hyzmat eder.

Şonuň ýaly-da, gije-gündiziň dowamynda taksi hyzmatlarynyň ýerine ýetiriljekdigi barada hem habar berilýär.

Ýene degişli makalalar

Buzmeýinde ýumrulýan jaýlaryň ýaşaýjylayna Arkadagdan jaý hödürlenýär
Türkmenistanyň futbol çempionaty: 5-nji tapgyryň duşuşyklary barada maglumatlar paýlaşyldy
Paryzdepe ýadygärliginiň dag eteklerinde üýtgeşik käriziň üstünden baryldy
Ak bugdaýyň ajaýyp muzeýi
Medeni taryhymyz, ruhy mirasymyz
Änew müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet
Türkmenistanyň futbol çempionatynda ikinji aýlawa badalga berilýär