Tebigy gazdan öndürilen benzin hem-de dokma önümleri islegden peýdalanyldy

Penşenbe güni, 14-nji oktýabrda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda umumy bahasy $5,2 million bolan 3 geleşik baglaşyldy.

Owganystanyň wekili Ahaldaky tebigy gazdan benzin öndürýän zawoddan ECO-93 görnüşli awtoulag benzininiň 4,5 müň tonnasyny satyn aldy.

Ozalky söwdalardaky bilen deňeşdirilende harydyň bahasy $1 gymmatlap, tonnasynyň bahasy $726,75 deň boldy. Geleşigiň umumy bahasy $3,2 million barabar boldy.

Türkiýeli işewür $1,9 milliona dürli görnüşli jins matalary satyn aldy. Gyrgyzystandan gelen telekeçi 11,6 müň kilogram tekiz reňklenen we žakkard tüýjümek önümlerini $63,8 müň satyn aldy.

Oba hojalygy, senagat we kommunikasiýa, şeýle hem söwda toplumyna degişli ugurlar boýunça söwdalar duşenbe gününden-anna güni aralygynda 16:00-da, şenbe güni 11:30-da başlanýar. Nebit-gaz ugry boýunça birža söwdalary duşenbe gününden-anna güni aralygynda 16:30-da, şenbe güni 12:00-da geçirilýär.

Ýene degişli makalalar

Birža söwdalarynda 86 million dollara golaý geleşikler baglaşyldy
Türkmenistan 2024-2028-nji ýyllar üçin BMG-niň Ilat we ösüş komissiýasyna saýlandy
Türkmenistan ECOSOC Ilat we ösüş komissiýasyna saýlandy
Türkmenistan BMG-niň Durmuş ösüşi boýunça komissiýasynyň 2025 — 2029-njy ýyllar üçin agzalygyna saýlandy
Türkmen işewürleri Tähranda geçiriljek ilkinji ECOTEX sergisine gatnaşmaga çagyrylýar
Türkmenistanyň Prezidentiniň 9-njy noýabrda Özbegistana amala aşyran iş saparynyň netijeleri
Türkmenistanyň wekiliýeti YHG ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň mejlisine gatnaşýar