“Tottenham” topary goşa baýrak gazandy

Angliýanyň “Premier Ligasynda” awgust aýynyň öňe saýlananlary mälim edildi. 4 oýunda 10 utuk toplan “Tottenham” topary goşa baýrak gazandy.Londonlylaryň täze transferi Jeýms Maddison awgust aýynyň iň ökde oýunçysy diýlip saýlandy. 3 oýunda 2 goluň pasyny beren Maddioson beýleki klublaryň oýunçylary Taiwo Awoniýi, Jarrod Bowen, Braýan Mbeumo, Kaoru Mitoma hem-de Rodri dagyny yzda galdyrdy.

Maddison tomusda “Lester Sitiden” transfer bolupdy.

Şeýle-de, Enj Postekoglu awgust aýynyň iň ökde tälimçisi diýlip saýlandy. Topar onuň ýolbaşçylygynda ýeňlişsiz, 10 utuk bilen “Mançester Sitiden” soň 2-nji ýerde barýar.

Ýene degişli makalalar

3 günde 3 futbolçy transfer etdi
Ýylyň futbolçysy we tälimçisi kim bolar?
“Lester Sitiniň” öňki we soňky tälimçileri
“Mançester Ýunaýted” hem-de “Arsenal” üçin ýaryş tamamlandy
“West Ham” ýeňlişsiz ýeňiji
Ilkinji gezek açyk kosmosa çykdy