Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Haber Türk” gazeti “Erdogan: Dünýäde hiç kimiň hötdesinden gelip bilmedik işini biz amala aşyrdyk” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň: “Ýaşaýyşjaý üpjünçilgi ederasy arkaly dünýäde hiç kimiň hötdesinden gelip bilmedik işini biz amala aşyrdyk. 200 milliard liralyk maýa goýum bilen ähli gatlakdan raýatlarymyzy jaýly etdik” diýen sözlerini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

Soňky gezek 100 müň ýaşaýyşjaýy kampaniýasyny başladandyklaryny beýan eden Erodgan: “12 müň ýaşaýyş jaýynyň gurluşygyny gutardyk. 76 müň ýaşaýyş jaýynyň gurluşygy bolsa dowam edýär” diýdi.

“Ýeni Şafak” gazeti “Turcowak önümçilige taýar” söz başyly habarynda, koronawirusa garşy öndürilen ýerli sanjym “Turkovacyň” 3-nji tapgyr barlaglarynyň 500 adamlyk topar bilen dowam edýändigine ünsleri çekýär.Türkiýäniň Saglyk institutlary edarasynyň Başlygy Prof.Dr.

Erhan Akdoganyň howpsuzlygy we netijeliligi anyklanan “Turcowak” üçin “Gözümiz 3-nji tapgyrdan geljek şatlykly habarda.Barlaglar gutaran badyna taýarlyklarymyz tamamlandy.Sanjym fabriklerinde ýokary hili ýerli sanjymyň önümçiligine başlanar” diýdi.

“Star” gazeti “DKTR: Türkiýe bilen bilelikde hereket etmek bizi güýçlendirýär” söz başyly habarynda, Demirgazyk Kipr Türk Respublikasynyň Premýer ministri Ersan Saneriň: “DKTR Türkiýe bilen bilelikde hereket etse, bu sebitde hötdesinden gelmejek zadymyz ýok. “Mawy Watan” ýaly türk halkynyň hukuklaryny we bähbitlerini goramak DKTR-nyň hökümeti üçin hem esasy borçlardan biri bolup durýar.

Ene watan Türkiýe bilen bilelikde hereket etmek güýjümize güýç goşýar” diýen sözlerini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Sabah” gazeti “Ruslar syýahatçylyga söwda pudagynam goşdy” söz başyly habarynda, Russiýa bilen syýahatçylyk gatnaşyklarynyň eksporty hem güýçlendirmäge başlandygyny ýazýar. Soňky bir aýda müňlerçe rus işewüriniň Antalýadaky sergilere gatnaşandygyny, ýylyň ahyryna çenli 50 müň rus işewürüniň hem dynç alyş hem-de söwda üçin Türkiýä gelmegine garaşylýandygyny mälim edýär.

“Watan” gazeti “Ýerli awtoulag nemes metbugatynda! Awtoulag pudagynda ägirtlere bäsdeş” söz başyly habarynda, Germaniýanyň “ZDF” teleýaýlymynyň: “Türkiýäniň awtoulagy “Tesla” we “Wolkswagene” bäsdeşmi?” söz başyly habarynda, Türkiýäniň güýjüni birleşdirip, uly maksada tarap barýandygyna üns çekilip, türk önümi gibrid SUW modeliniň geljek ýylyň ahyrynda ulanmaga hödürlenjekdigini mälim edýär.

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny