Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Ýeni Şafak” gazeti “Galata köprüsinde taryhy duşuşyk” söz başyly habarynda, Stambulyň täze ýylyň ilkinji gününde, taryhyň iň uly duşuşyklaryndan birini başdan geçirendigini ýazýar. 308 jemgyýetçilik guramasy “Penje Gulp” operasiýa zolagynda şehit bolan esgerler, Ysraýylyň zulumyna sezewar bolan Palestina goldaw we terrorizme näletlemek üçin ýek ýumruk boldy.

Aýasofýa, Soltanahmet, Süleýmaniýe we Eminönü metjitlerinde säher namazynda duşuşan onlarça müň adam Galata köprüsine tarap ýöredi.Uly görwrümli ýöriş bilen Stambuldan bütin dünýä güýçli ýüzlenme berilip, hem PKK terrory hem-de Ysraýylyň zulumy näletlendi.

“Watan” gazeti “Baýraktar: Şyrnakda 2024-nji ýylda maksat önümçiligi 100 müň barrele ýetirmek” söz başyly habarynda, Energetika we tebigy serişdeler ministri Alparslan Baýraktaryň Şyrnak welaýatynda Respublika taryhynyň gury ýerdäki esasy açyşyny edendiklerini we ol ýerdäki nebit önümçiligini 30 müň barrele ýetirendiklerini beýan edip; “Gysga möhletde, 3 aýyň dowamynda Şyrnak Türkiýäniň esasy nebit öndürýän welaýaty bolar. 2024-nji ýylda 100 müň barrel maksadymyza ýetenimizde Türkiýäniň iň gowy ýyly bolar” diýdi.

“Hürriýet” gazeti TOGG 81 welaýatyň ählisine gowşuryldy” söz başyly habarynda, ýerli we milli elektromobil “TOGG-yň” satuwa çykarylan modeli “T10X” dekabr aýynda ýene-de 6008 adama gowşurulandygyny ýazýar. Şeýlelikde 81 welaýatyň ählisine “TOGG” gowşuryldy. Soňky ulaglar bilen jemi 19,583 adam ulagly boldy.

“Haber Türk” gazeti “Antalýada dekabr aýynyň syýahatçy rekordy goýuldy” söz başyly habarynda, syýahatçylykda hereketli ýyl geçiren Antalýada dekabr aýynda howa ýoly bilen gelen syýahatçy sanynyda rekord goýulandygyny mälim edýär. Täze ýyl hepdeside kabul edilen daşary ýurtly myhmanlaryň sany 121,139-a ýetdi.

“Sabah” gazeti “2023-nji ýylyň iň başarjaň 100 futbolçysy belli boldy. Milli ýyldyz buýsandyrdy” söz başyly habarynda, “FourFourTwo” žurnalynyň çap eden sanawyna görä 2023-nji ýylyň iň başarjaň 100 futbolçysynyň belli bolandygyny mälim edýär. Sanawda Hakan Jalhanogly we İlkan Göndogan hem bar.

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Gurbanguly Berdimuhamedow 3-nji Antalýa diplomatiýa forumyna gatnaşmak üçin Türkiýä bardy