Türkiyäniň Daşary işler ministri Beýik Britaniýada we Fransiýada saparda bolar

Türkiyäniň Daşary işler ministri Beýik Britaniýada we Fransiýada saparda bolar

Daşary işler ministri Hakan Fidan, 11-nji noýabrda Riýatda geçirlen Yslam hyzmatdaşlyk guramasynyň we Arap ligasynyň bilelikde geçiren sammitinde Türkiýäniň öňbaşçylyk etmeginde kabul edilen kararlaryň çäginde döredilen aragatnaşyk topary bilen Gaza Sektorynda möwjän dartgynlygyň ortadan aýrylmagy üçin Londonda we Parižde saparda bolar.

Türkiyäniň Daşary işler ministrliginden berilen beýanatda: "2023-nji ýylyň 11-nji noýabrynda Saud Arabystanynyň Riýad şäherinde Gaza temasy bilen geçirilen Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň we Arap Ligasynyň nobatdan daşary umumy sammiti, aralarynda Türkiye, Palestina, Saud Arabystany, Indoneziýa, Müsür, Iordaniýa, Katar we Nigeriýa ýaly ýurtlaryň Daşary işler ministrlerini söweşiň durmagy we hemişelik parahatçylygyň ýola goýulmagy bilen bagly başlagyçlar etmegi üçin wezipelendiripdi.

Hormatly ministrimiz ady agzalan umumy diplomatik tagallalaryň çäginde sapar guramak maksady bilen 2023-nji ýylyň 22-nji noýabrynda Londonda we Parižde saparda bolar" diýip habar berildi.

Ýene degişli makalalar

Hakan Fidan Londonda we Parižde saparda boldy
5-nji martda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Türkmenistan bilen Palestina döwletiniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi
Eýrandan Saud Arabystanyna 7 Ýyl Soň Ýokary Derejeli Sapar Guralýar
Ýyldyzlaryň täze mesgeni “Saudi Pro Liga” (habar-seljeriş)
“Al-Ahli” “Premier Liganyň” ýene bir oýunçysyny transfer etdi