Türkmen halk ertekileri kitabyndan “Garybyň maslahaty” ertekisi

Türkmen halk ertekileri kitabyndan “Garybyň maslahaty” ertekisi

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ata Salyh adyndaky kitaphana şahamçasynyň gurnamagynda “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugynyň Gökderedäki “Beýik Serdar nesilleri” çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezinde tomusky dynç alyş möwsüminde şadyýan dynç alýan çagalaryň arasynda “Türkmen halk ertekileri” kitabyndan “Garybyň maslahaty” ertekisinden sesli okaýyş geçirildi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ösüp gelýän ýaş nesliň ylymly-bilimli sagdyn bedenli ýaşlar bolup ýetişmekleri üçin birnäçe işler durmuşa geçirilýär. Çärede tomus paslynda ýurdumyzyň gözel künjeklerinde ýerleşýän ajaýyp binalarda dynç alyşda wagtlaryny şadyýan geçirip, saglyklaryny berkidýändikleri şeýle-de çaganyň terbiýesiniň kemala gelmeginde ertekileriň, tapmaçalaryň, nakyllaryň, atalar sözleriniň, rowaýatlaryň aýratyn ähmiýetiniň bardygy hem-de çagalara köp kitap okamak bilen gözýetimiň, dünýägaraýşyň giňelýändigi barada giňişleýin gürrüň berdiler. Çäräniň dowamynda çagalara “Türkmen halk ertekileri” kitabyndan “Garybyň maslahaty” ertekisi okap berildi.

Bu ertekiniň çagalar üçin terbiýeçilik ähmiýeti uly bolup, çagalarda ynsanperwerlik, dogruçyllyk, birek-birege hormat goýmak duýgularyny oýarýar. Çäräniň ahyrynda bagtyýar nesillerimiz barada uly aladalar edýän hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, başynyň dik, alyp barýan işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

Ýene degişli makalalar

Arzuwlan zamanaň geldi Pyragy, Milli medeniýetiň ösen zamany
BAGTYÝAR NESILLERDE BAGTLY PURSATLAR
GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ ÖMRÜMIŇ MANYSYNYŇ DOWAMATY ATLY KITABY ESASYNDA
HALK DÖREDIJILIGITERBIÝÄNIŇ GÖZBAŞY
ÇAGALARYŇ TERBIÝESINDE ERTEKILERIŇ ÄHMIÝETI
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Arkadagly Serdar bilen bagta barýar ýaş nesiller