Türkmenistan, Azerbaýjan we Türkiýe gümrük hyzmatdaşlygy boýunça bilelikdäki konsultatiw toparyny döredýär

Türkmenistan, Azerbaýjan we Türkiýe gümrük hyzmatdaşlygy boýunça bilelikdäki konsultatiw toparyny döredýär

2022-nji ýylyň 14-nji dekabrynda Awaza milli syýahatçylyk zolagynda Gümrük hyzmatdaşlygy boýunça bilelikdäki konsultatiw topary döretmek hakynda Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň we Türkiýe Respublikasynyň Hökümetleriniň arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň resmi web sahypasynda habar berildi.

Gol çekişlik dabarasy Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň we Türkiýe Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň birinji sammitiniň çäklerinde geçirildi. Resminama Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygy Maksat Hudaýkulyýew, Türkiýäniň söwda ministri Mehmet Muş we Azerbaýjanyň daşary işler ministri Jeýhun Baýramow gol çekdiler.

Bilelikdäki Konsultatiw toparynyň işi, hususan-da, Taraplaryň döwletleriniň arasynda geçirilýän harytlar babatynda gümrük amallarynyň ýönekeýleşdirilmegine, özara maglumat alşylmagyna, gümrük gözegçiliginiň kämil usullaryndan peýdalanmak üçin çäreleriň görülmegine hem-de gümrük hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine gönükdiriler.

Gümrük amallarynyň ýönekeýleşdirilmegi we gümrük işi babatda hyzmatdaşlyk etmegiň we özara ýardam bermegiň ýurduň ykdysady taýdan ösüşine oňyn täsirini ýetirýändigini göz öňünde tutup, diňe şu ýylyň özünde Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy tarapyndan gümrük hyzmatdaşlygy bilen bagly birnäçe döwletleriň gümrük edaralary bilen eýýäm sekiz sany halkara resminamalar baglaşyldy — diýlip, habarda bellenilýär.

Ýene degişli makalalar

TRT-nyň 60 ýyllygyna bagyşlanyp internet saýty açyldy
Ministr Mehmet Şimşek, Braziliýada Saparda Bolar
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Kajyr Saud Arabystanynyň Maýa goýum ministri Al-Falih bilen duşuşyk geçirdi
Saud Arabystanynyň Syýahatçylyk Maksatlarynyň Iş Ýüzüne Geçirilmegine Türkiýe Goldaw Berip Biler
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny