Türkmenistan senagat pudagyna hususy serişdeleri çekmekçi

Türkmenistan senagat pudagyna hususy serişdeleri çekmekçi

Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň senagat ulgamynda hususy bölegi giňeltmegi we onuň serişdelerini çekmegi Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin hyzmatdaşlygyň we özara baglanyşygyň mehanizmlerini dolandyrmagyň iň netijeli görnüşlerini gözlemegi talap edýär.

Şunuň bilen baglylykda, bu ugurlar ýurdumyzyň döwlet maksatnamalarynyň aýrylmaz bölegidir. Bu barada "Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, himiýa, energetika pudaklarynyň ösüşi" (CIET 2025) atly halkara maslahatda maliýe we ykdysadyýet ministriniň orunbasary Babanyýaz Ýalakow habar berdi.

B.Ýalakow Türkmenistan döwletiniň degişli düzümleriň üsti bilen, işjeňlik, başlangyçlylyk, täzeçillik hojalygy dolandyrmak üçin amatly işewür gurşawy döretmek maksady bilen ähli zerur çäreleri görýändigini, hususy önüm öndürijileri senagat pudaklaryny we gurluşygy ösdürmegiň strategiki hem-de möhüm wezipelerini çözmäge gönükdirýändigini tassyklady.

"Biziň ýurdumyzyň ykdysadyýetini döwrebaplaşdyrmagyň strategiki ýollarynyň biri döwlet-hususy hyzmatdaşlyk ulgamyny ösdürmek bolup, ol önümleriň, hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmaga, býujet netijeliligini artdyrmaga, döwlet edaralarynyň we hususy bölegiň ykdysady bähbitlerini utgaşdyrmak arkaly, şeýle hem maýa goýum taslamalaryny emele getirmekde we durmuşa geçirmekde olaryň serişdelerini we ygtyýarlyklaryny birleşdirmek ýoly bilen ykdysadyýete maýa goýumlary çekmäge gönükdirilendir" diýip, B.Ýalakow gürrüň berdi.

Ministriň orunbasarynyň sözlerine görä, kiçi we orta telekeçilik köp sanly derwaýys ykdysady we durmuş meselelerini çözmäge ýardam edip, ykdysady işiniň birnäçe pudaklarynyň we ulgamlarynyň ösüşine we döredilmegine täsir edýär, ol ýerlerde döwletiň paýy ep-esli azaldy, emma hususy bölegiň paýy tersine, ýyl-ýyldan artýar.

Şeýlelikde, gurluşyk, senagat, himiýa senagaty, energetika ýaly ugurlarda maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmäge işewürligi çekmek, döwlet we hususy pudaklaryň maliýe we önümçilik mümkinçiliklerinden has netijeli peýdalanmaga ýol açjakdygyny B.Ýalakow aýtdy.

Çeşme: TDH

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan Owganystandaky ýer titremeden ejir çekenlere ynsanperwerlik kömegini iberer
Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna görülýän taýýarlyk işlerini synlady
Türkmenistanyň ilçisi Gruziýanyň Döwlet ministri bilen duşuşdy
Türkmenistanyň Prezidenti iş sapary bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna ugrady
Türkmenistanyň Prezidenti “Çalyk Holding” we “Mitsubishi” kompaniýalarynyň ýolbaşçylaryny kabul etdi
Balkan welaýatynda deňiz suwuny arassalaýjy desga açyldy