Türkmenistanda gaz ölçeýji gurallar ýetmezçilik edýär

Türkmenistanyň regionlaryndaky gaz edaralarynda gaz ölçeýji gurallar ýetmezçilik edýär diýip, “Türkmenistanyň Hronikasynyň” habarçylary habar berýärler.

Noýabr aýynda welaýat gaz üpjünçilik kärhanalarynda gaz ölçeýji gurallar 300 manat bahalanan bolsa, dekabryň birinji ýarymynda olaryň bahasy 550 manada çenli ýokarlandy. Häzir gaz ölçeýjiler ýok, şu sebäpden adamlary bazarlara iberýärler we ol ýerde gaz ölçeýjini eýýäm 700-900 manatdan satyn almaly bolýar.

Eger adam gaz ölçeýjini bazardan satyn alsa, onuň Aşgabada gidip, satyn alan guralyny döwlet standartlary edarasynda barlatmagy we onuň hilini tassyklatmagy gerek

“Türkmenistanyň Hronikasynyň” ozal habar berşi ýaly, jaý edaralarynyň wekilleri adamlara gaz ölçeýjileriň we olary oturtmagyň bahalarynyň gymmatlap biljekdigini duýdurdylar. Şol bir wagtda jaýlaryň ýaşaýjylary welaýat gaz edarasynyň işgärleriniň spekulýasiýa bilen meşgullanýandyklaryny we gaz ölçeýji gurallaryň ýetmezçilkiginde bahalary bilkastdan gymmatlatýandyklaryny güman edýärler.

“Azatlyk” radiosy hem ozal Balkan welaýatynyň ýaşaýjylarynyň ölçeýji gurallary edinmekde kynçylyga uçrandyklaryny habar berdi. Regionyň merkezinde ölçeýji gurallaryň ýetmezçiligi duýulýar, ölçeýji gurallary satýan edaralarda bolsa nobatlar döreýär.

Gaz ölçeýji gurallary gyssagly ýagdaýda, ýaşaýjylaryň öz hasaplaryna oturtýarlar. Ölçeýjileri oturtmak prosesine şäher adminstrasiýasy, gaz we jemagat hojalygy gulluklary gözegçilik edýär.

Ýatladýarys, prezident Gurbanguly Berdimuhamedow 12-nji oktýabrda ölçeýjileri oturtmagy we ýaşaýjylara jemagat hyzmatlary töleglerini etmek üçin hasap depderçelerini bermegi buýurdy. Bu tölegleriň möçberine Halk maslahatynyň mejlisinden soň gaýtadan seredildi.

Ölçeýji oturdyp ýetişmedik ýaşaýjylara jerime tölemek garaşýar.

Ýene degişli makalalar

Lebapda gaz, elektrik we suw ölçeýjiler barlanýar, ulanyş möhleti geçen gurallar üçin jerime salynýar
Ölçeýjiler oturdylmasa, gerekli dokumentler berilmeýär
Daşoguzda bergili maşgalalaryň gazyny, toguny kesýärler
Aşgabatda gaz we suw ölçeýjileri gyssagly oturtmak dowam edýär
Aşgabatda gyssagly oturdylýan ölçeýjilerden gaz syzýar
Aşgabadyň ýaşaýjylaryna gaz ölçeýjileri oturtmak üçin 15-nji dekabra çenli möhlet berildi