Türkmenistana birden aýazly howanyň gelmegi bilen ýurduň dürli sebitlerinde, hususan-da Daşoguz welaýatynda ýaşaýjylar we hojalyklar dürli kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz boldular; mekdeplerde kiçi klas okuwçylarynyň sapaklary ýatyryldy divip, “Azatlyk” radiosy habar berýär.
Regionda howanyň sowuklygy gijelerine -20 gradusa çenli baryp ýetýär.
“Howa juda sowuk, üstesine-de gurak ýel ösýär. Käbir hojalyklarda horrak mallar sowukdan heläk bolýar. Sowukdan ýaňa suw doňýar, mallary suwa ýakmak hem kynlaşdy. Çopanlar, alaçsyz, zeýkeşiň çuňrak ýerinde buzlary döwüp, mallaryny suwa ýakýarlar. Mundan soň mallar keselleýär, goşmaça pul çykaryp, olara sanjym etmeli bolýar” diýip, boldumsazly ýaşaýjy “Azatlyk“ radiosyna gürrüň berdi.
Daşogzuň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň ýaşaýjylary hem mallaryň sowukdan köpçülikleýin gyrylýandygyny habar berýärler.
“Çopanlar näme etjeklerini bilenoklar. Gyşky ýataklaryň içinde suw doňýar. Owlakguzular haram ölýärler” diýip, çopanlaryň biri aýtdy.
Aýazly howa gök önüm söwdasy bilen meşgullanýanlary hem zyýana goýdy. Satyjylar bazara çykaran gök önümleriniň doňup, isrip bolýandygyny aýdýarlar.
Aýazly howa kommunal hyzmatlarynda hem bökdençlikleri döretdi.
“Howanyň sowamagy bilen şonsuzam gowy bolmadyk gaz we elektrik üpjünçiligi gaty peseldi. Soňky üç günüň dowamynda elektrik togy iň azyndan 20 gezek dagy kesilendir. Adamlar indi öýlerinde odun ýakyp, ýylynjak bolýarlar” diýip, boldumsazly ýaşaýjy gürrüň berdi.
Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynda 1-5-nji klas okuwçylarynyň howa maýlaýança mekdeplere gelmezligi tabşyryldy.
Ýatladýarys, prezident Gurbanguly Berdimuhamedow 2017-nji ýylyň noýabryndan başlap, ilatyň ýyladyş ulgamyny we elektrik bilen üpjünçiligini kontrol astynda saklamagy ençeme gezek tabşyrdy.
Prezident 4-nji dekabrdaky hökümet maslahatynda “ähli welaýatlaryň häkimlerine jemagat holjalyklarynyň ilaty ýyladyş, elektrik energiýasy we gaz bilen üpjün edýän bölümleriniň işlerinde bar bolan kemçilikleri görkezdi hem-de olary aradan aýyrmak üçin gyssagly çäreleri görmegi buýurdy”.
“Türkmenistanyň Hronikasy” hem 2017-nji ýylyň fewarlynda ýerli häkimiýetleriň sowuk howaly günleriň gelmegine taýýar bolmandygyny habar berdi. Käbir regionlarda hususy mallar köpçülikleýin gyryldy. Şeýle-de, öri meýdanlaryna düşen agyr gar zerarly ot-iým problemasy döredi.
