TÜRKMENISTANYŇ DIM-NDE AZYK HOWPSUZLYGYNY ÜPJÜN ETMEK UGRUNDAKY HYZMATDAŞLYGY ARA ALYP MASLAHATLAŞDY

TÜRKMENISTANYŇ DIM-NDE AZYK HOWPSUZLYGYNY ÜPJÜN ETMEK UGRUNDAKY HYZMATDAŞLYGY ARA ALYP MASLAHATLAŞDY

2023-nji ýylyň 11-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Aşgabada “Howanyň üýtgemegi şertlerinde azyk howpsuzlygy boýunça hyzmatdaşlyk” atly halkara maslahatyna gatnaşmak üçin gelen FAO-nyň Baş direktorynyň orunbasary, Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin wekili Wladimir Rahmanin bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar azyk we daşky gurşaw howpsuzlygy, daşky gurşawy tygşytly dolandyrmak, şeýle hem sanly ýer kadastrlary babatynda bilelikdäki işler barada pikir alyşdylar.

R.Meredow Türkmenistanyň FAO-nyň işine ýokary baha berýändigini we bu ugurda, ilkinji nobatda, Merkezi Aziýa üçin sebitleýin edarasy bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge meýillidigini belledi. Ministriň nygtamagyna görä, Aşgabatda FAO bilen bilelikde azyk howpsuzlygy we howanyň üýtgemegi boýunça halkara forumyň geçirilmegi oba hojalygy ulgamynyň howanyň üýtgemeginiň zyýanly täsirlerine uýgunlaşmagy ugrunda uly ädim bolup durýar.

Öz gezeginde, W.Rahmanin Türkmen tarapyna halkara forumyň ýokary derejede gurandygy üçin hoşallyk sözlerini beýan etdi we Türkmenistanyň azyk howpsuzlygyny üpjün etmek bilen bagly meseleleri çözmekde goşýan goşandyny, şeýle hem FAO tarapyndan amala aşyrylýan ýurt derejesindäki hem-de sebitleýin taslamalary goldaýandygyny belledi.

Gecirilen maslahatyň ýerliklidigine ünsi çeken myhman, gatnaşyjylaryň forumyň çäginde azyk howpsuzlygy pudagyndaky tagallalary birleşdirmek üçin birnäçe anyk teklipleri öňe sürendigini, belläp geçdi.

Ýene degişli makalalar

Aşgabatda “Merkezi AziýaÝB” formatynda daşary işler ministrleriniň duşuşygy geçiriler
Türkmenistan bilen Italiýa ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösüşini maslahatlaşdy
Daşary işler ministri Rimde Halkara oba hojalygyny ösdürmek gaznasynyň prezidenti bilen duşuşdy
Awazada Hazar deňzi dostluk we ylalaşyk deňzi atly ylmy-amaly maslahaty geçirildi
FAO: Awgust aýynda dünýäde azyk önümleriniň bahalary peseldi
FAO: Sentýabr aýynda şekeriň dünýädäki bahasy ýokarlandy
Azygyň bahasy 2,5 ýylyň iň pes derejesine ýetdi