Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynda Türkiýe Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynda Türkiýe Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

8-nji ýanwarda Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynda Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ahmet Demirok bilen iş duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň barşynda soňky ýyllarda türkmen-türk gatnaşyklarynyň täze mazmuna eýe bolýandygy we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň yzygiderli esasda ösdürilýändigi bellenildi.

Taraplar türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň migrasiýa ulgamyndaky gatnaşyklarynyň geljegi we mümkinçilikleri barada pikir alşyp, onuň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar iki ýurduň migrasiýa babatda hyzmatdaşlygynyň geljekde hem sazlaşykly ösdüriljekdigine ynam bildirip, bu ugurda alnyp barylýan ähmiýetli işlerde üstünlikleri arzuw etdiler.

Çeşme: migration.gov.tm

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň DIM-inde Koreýa Respublikasynyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi
Türkmenistanyň DIM-inde Ermenistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi
Ahmet Demirok: Syýahatçylyk medeniýeti birleşdirýär we dostluk köprülerini gurýar
Aşgabatda türk aşhanasynyň hepdeligi badalga aldy
Aşgabatda türk aşhanasynyň hepdeligi badalga aldy
Türkmenistanyň wekiliýeti Tokio daşary ýurt dilleri uniwersitetiniň prezidenti bilen duşuşdy
Türkmenistanyň DIM-nde Gyrgyz Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi