Türkmenistanyň Ilçisi Birleşen Arap Emirlikleriň Arap atlary jemgyýetiniň Baş direktory bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Ilçisi Birleşen Arap Emirlikleriň Arap atlary jemgyýetiniň Baş direktory bilen duşuşdy

2026-njy ýylyň 14-nji aprelinde Türkmenistanyň Birleşen Arap Emirliklerindäki Ilçisi Baýram Baýramow Birleşen Arap Emirlikleriň Arap atlary jemgyýetiniň (EAHS) Baş direktory jenap Mohamed Ahmed Al Harbi bilen duşuşyk geçirdi.

Duşuşyk atçylyk ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerine bagyşlandy. 2026-njy ýylyň Türkmenistanda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan bedew batly at-myradyň mekany diýen şygar astynda geçýändigi aýratyn bellenildi.Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar degişli edaralaryň arasynda Özara düşünişmek baradaky Ähtnamany taýýarlamak arkaly hyzmatdaşlygy resmi taýdan berkitmek mümkinçiliklerine seretdiler.Taraplar tehniki hyzmatdaşlyk, şol sanda sanly ulgam arkaly atlaryň şejeresini ýöretmek we weterinar kadalary ýaly ugurlarda pikir alyşdylar.

Taraplar geljekki bilelikdäki başlangyçlary utgaşdyrmak üçin yzygiderli gepleşikleri dowam etdirmäge taýýardyklaryny tassyklap, bedew atynyň iki ýurduň halklary üçin hem möhüm medeni nyşandygyny nygtadylar.

Ýene degişli makalalar

Türkiye Stambulda geçirilen içaly operasiýasynda Mossadyň iki içalysyny tussag etdi
Aýlagdaky arap döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň baş sekretary bilen duşuşyk
Ýeke-täk syýahatçylyk wizasyny girizdi
Depen topy gol bolýan hüjümçi Harri Keýn (makala)
H.Geldimyradow: Türkmenistanyň soňky ýyllarda SEPKA girýän ýurtlar bilen söwda hyzmatdaşlygyny güýçlendirdi
Wise-premýer H.Geldimyradow SPEKA-nyň sammitine gatnaşdy