Türkmenistanyň Ilçisiniň Oba hojalygynyň irrigasiýasy we mehanizasiýasy inženerleri Daşkent instituty milli ylmy-barlag uniwersitetiniň rektory bilen duşuşygy

2026-njy ýylyň 9-njy aprelinde Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky Ilçisi Ş.Meredow Tashkent irregasiýa we oba hojalygyny mehanizasiýa inženerleri instituty ylmy-barlag uniwersitetiniň rektory B.Mirzaýew bilen duşuşdy.Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.

Duşuşygyň dowamynda bilim ulgamyndaky türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň oňyn we dostlukly häsiýeti bellenildi.Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleri bilen Taşkent suw hojalygy we oba hojalygyny mehanizasiýalaşdyryş inženerleri instituty Milli barlag uniwersitetiniň arasynda öňden ýola goýlan gatnaşyklaryň ähmiýeti nygtaldy.

Taraplar şeýle hem ylym-bilim hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de giňeltmegiň geljegini, şol sanda talyplaryň we mugallymlaryň tejribe alşygy meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.Mundan başga-da, taraplar bilelikdäki ylmy we medeni çäreleri geçirmegiň wajyplygyny bellediler. Şunuň bilen baglylykda, taraplar şu ýylyň — Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany ýylynyň dowamynda Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanan bilelikdäki çäreleri guramak barada ylalaşdylar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň DIM-de türkmen-belgiýa hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy
Türkmen-ýapon parlamentara gatnaşyklaryny ösdürmegiň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy
Türkmenistanyň DIM-inde Ermenistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi
Türkmenistanyň Ilçisi Birleşen Arap Emirlikleriň Arap atlary jemgyýetiniň Baş direktory bilen duşuşdy
Türkmenistanyň DIM-nde Niderlandlar Patyşalygynyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi