Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Düýn 15-nji martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meseleleriniň birnäçesine garaldy.

Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa söz berildi.Ol milli kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi.Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda iş toparlary tarapyndan energiýany tygşytlamak we energiýadan netijeli peýdalanmak, gidrometeorologiýa işi bilen baglanyşykly täze kanunlaryň taslamalaryny taýýarlamak işleri alnyp barylýar. Şunuň bilen birlikde, maşgala gatnaşyklaryny, weterinariýa işini, ýer babatda hukuk gatnaşyklaryny kadalaşdyrýan we beýleki hereket edýän hukuk namalaryna üýtgetmelerdir goşmaçalar girizilýär.

Mejlisiň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdiler.

Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň agzalaryna hem-de ähli watandaşlarymyza ýüzlenip, ýurdumyzda ýene-de sanlyja günden Milli bahar baýramynyň Halkara Nowruz gününiň dabaraly bellenilip geçiljekdigine ünsi çekdi.

Döwlet Baştutanymyz Gündogar halklarynyň durmuşynda aýratyn orny eýeleýän Nowruzyň ynsanperwerligiň, agzybirligiň hem-de dost-doganlygyň baýramydygyny nygtap, mejlise gatnaşyjylary we ähli türkmenistanlylary Milli bahar baýramy Halkara Nowruz güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlady.

Ýene degişli makalalar

Serdar Berdimuhamedow 4 aýyň jemine bagyşlanan Hökümet mejlisini geçirdi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Serdar Berdimuhamedow nobatdaky Hökümet mejlisini geçirdi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Mejlisiň başlygy ýapon-türkmen Parlamentara dostluk toparynyň başlygy bilen duşuşdy
Türkmenistanyň Mejlisindäki duşuşyk
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi