Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

24-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary A.Ýazmyradowyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we welaýatlarda alnyp barylýan işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda ýurdumyzyň welaýatlarynda gowaça ekişini bellenen agrotehniki möhletlerde geçirmek boýunça degişli işler dowam etdirilýär.Gowaça ekişi geçiriljek meýdanlara tagt suwy, ekiş geçirilen meýdanlara bolsa gögeriş suwy tutulýar.

Bu işler bilen bir hatarda, gallaçy daýhanlarymyz tarapyndan ýurdumyzyň welaýatlarynda ýokary hasyl ýetişdirmek maksady bilen, bugdaý meýdanlarynda ösüş suwuny tutmak we ekini mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, zyýankeşleriň ýüze çykmagynyň öňüni almak çäreleri geçirilýär.

Häzirki wagtda ýeralma, sogan we beýleki gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri alnyp barylýar. Şunuň bilen birlikde, pile öndürmek boýunça bellenen meýilnamany doly berjaý etmek üçin ýurdumyzyň welaýatlarynda pile öndürijiler tarapyndan ýüpek gurçuklaryna degişli ideg işleri alnyp barylýar.

Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasaryna hem-de welaýatlaryň häkimlerine ýüzlenip, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirilmeginiň, ekin meýdanlarynda zyýankeşleriň ýüze çykmagynyň öňüni almak boýunça ýerine ýetirilýän işleriň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegi babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Ýene degişli makalalar

Serdar Berdimuhamedow oba hojalyk işleri boýunça iş maslahatyny geçirdi
Serdar Berdimuhamedow welaýatlaryň häkimleri bilen iş maslahatyny geçirdi
Serdar Berdimuhamedow häkimler bilen iş maslahatyny geçirdi
Serdar Berdimuhamedow häkimler bilen iş maslahatyny geçirdi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi