Türkmenistanyň toparçadaky

Aşgabat şäherindäki “Olimpiýa” myhmanhanasynda 2019-njy ýylyň 6-njy dekabrynda Aziýanyň futbol konfederasiýasynyň, Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň, Türkmenistanyň futbol federasiýasynyň jogapkär işgärleriniň we beýleki hünärmenleriň gatnaşmagynda Aziýanyň futzal çempionatynyň bije atyşlyk dabarasy geçirildi.

Aziýa sebitiniň güýçli toparlarynyň 16-synyň gatnaşmagynda geçiriljek yklymyň iri ýaryşy paýtagtymyz Aşgabatda fewral aýynyň ahyrynda we mart aýynyň başlarynda Olimpiýa şäherçesinde guralar.Şeýlelikde, geçirilen bije çekişligiň netijesinde, horwatiýaly hünärmen Robert Grdowiçiň tälim berýän Türkmenistanyň milli ýygyndysy “A” toparçasynda Wýetnamyň, Täjigistanyň hem-de Omanyň milli ýygyndylary bilen güýç synanyşmaga mümkinçilik aldy.

Aziýa çempionatynyň 2020-nji ýylyň 26-njy fewraly 10-njy marty aralygynda Aşgabatda geçirilýändigini ýatladýarys.Çempionatyň ilkinji duşuşygy Türkmenistanyň we Omanyň ýygyndylarynyň arasynda geçiriler.Aşgabatda geçiriljek futzal boýunça Aziýa çempionatynyň final böleginde çykyş etmeli Türkmenistanyň ýygyndysynyň toparçasyndaky futzal toparlarynyň her biriniň toparçadan çykmaga mynasypdygyny subut etmek üçin erjel oýun görkezjekdigini aýtmak bolar.

Aziýa çempionatynyň guramaçysy hökmünde saýlama ýaryşa gatnaşmazdan bäsleşigiň final böleginde oýnamaga hukuk gazanan Türkmenistanyň ýygyndysy öňdäki ýaryşa ykjam taýýarlyk gördi.Türkmenistanyň futzal ýygyndysyna öňdäki jogapkärli ýaryşda üstünlikleriň hemra bolmagyny arzuw edýäris!

Ýene degişli makalalar

ABŞ, Eýranyň Ozalky Prezidentine Sanksiýa Goýar
Türkmen uniwersitetiniň wekiliýeti Uniwersitetler we gelejek atly halkara foruma gatnaşdy
Türkmenistanyň banklary Russiýanyň walýuta söwdalaryna gatnaşyp bilerler
Aziýanyň kubogy ― 2024-iň resmi pökgüsi tanyşdyryldy
“E” toparçada Türkmenistanyň ýygyndysynyň soňky bäsdeşi hem belli boldy
Türkmenistanda hokkeý boýunça halkara ýaryşy geçirmäge taýýarlyk görülýär
Hokkeý toparlarynyň kapitanlary Türkmenistanyň Prezidentini gutladylar