TÝL ― 2022: 9-njy tapgyryň duşuşyklary geçiriler

TÝL ― 2022: 9-njy tapgyryň duşuşyklary geçiriler

13-nji sentýabrda futbol boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň 9-njy tapgyrynyň duşuşyklaryna badalga berler. Has takygy, şol gün tapgyryň üç duşuşygy geçiriler. Tapgyr 14-nji sentýabrda geçiriljek bir duşuşyk bilen tamamlanar.

Tapgyryň esasy aýratynlygy onuň derbiler tapgyry bolmagydyr. Has takygy, 13-nji sentýabrda Merw Energetigi, Köpetdag Aşgabady, Şagadam Nebitçini, 14-nji sentýabrda Ahal Altyn asyry kabul eder.

Türkmenistanyň Futbol federasiýasy duşuşyklaryň geçiriljek ýeri, başlanjak wagty we eminleri barada aşakdaky maglumatlary berýär:

9-njy tapgyryň duşuşyklary:

13.09.2022 ý. (sişenbe) “Merw” “Energetik” Geçirilýän ýeri: “Sport toplumy” stadiony (Mary ş.) Başlanýan wagty: 17:00 Duşuşygyň emini: S.Gurbanow (Balkanabat ş.) Kömekçi eminler: E.Annamyradow (Balkanabat ş.), H.Abdiýazow (Daşoguz ş.) Ätiýaçdaky emin: S.Çaryýew (Mary ş.) Gözegçi emin: Ş.Durdyýew (Aşgabat ş.)

“Köpetdag ” “Aşgabat” Geçirilýän ýeri: “Köpetdag” stadiony (Aşgabat ş.) Başlanýan wagty: 17:30 Duşuşygyň emini: A.Sapaýew (Daşoguz ş.) Kömekçi eminler: A.Jumamyradow (Aşgabat ş.), M.Şanazarow (Ýolöten ş.) Ätiýaçdaky emin: M.Gulmuhamedi (Aşgabat ş.) Gözegçi emin: G.Öwezow (Aşgabat ş.)

“Şagadam” “Nebitçi” Geçirilýän ýeri: “Şagadam” stadiony (Türkmenbaşy ş.) Başlanýan wagty: 17:30 Duşuşygyň emini: B.Haknazarow (Aşgabat ş.) Kömekçi eminler: N.Garajaýew (Aşgabat ş.), A.Jumaýew (Mary ş.) Ätiýaçdaky emin: A.Annamyradow (Balkanabat ş.) Gözegçi emin: M.Seýitgulyýew (Aşgabat ş.)

14.09.2022 ý. (çarşenbe) “Ahal” “Altyn asyr” Geçirilýän ýeri: “Nusaý” stadiony (Aşgabat ş.) Başlanýan wagty: 17:15 Duşuşygyň emini: A.Gurbanow (Aşgabat ş.) Kömekçi eminler: Ş.Hydyrow (Balkanabat ş.), I.Kurambaýew (Daşoguz ş.) Ätiýaçdaky emin: J.Jumamyradow (Aşgabat ş.) Gözegçi emin: H.Rejepow (Aşgabat ş.).

Ýene degişli makalalar

TÝL ― 2023: iki tapgyryň çäginde üç duşuşyk geçiriler
TÝL — 2023: Energetik ýene bir duşuşygyny öňünden geçirmeli bolar
TÝL - 2023: möwsüm "Ahalyň" ýeňşi bilen tamamlandy
TÝL ― 2023: 25-nji tapgyryň duşuşyklary geçiriler
Türkmenistanyň futbol çempionatynda ikinji aýlawa badalga berilýär
TÝL ― 2023: Merwi ýeňen Ahal üçünji orun bilen aralygy 2 utuga çenli ýygyrdy
TÝL ― 2023: 18-nji tapgyryň bir duşuşygy öňünden geçiriler