Ukrainaly futbolçy Belgiýa transfer boldy

Benfika toparynyň ukrainaly hüjümçisi Roman Ýaremçuk mundan soň karýerasyny Belgiýanyň Klub Brýugge toparynda dowam eder. 26 ýaşly oýunçy brýuselliler bilen 4 ýyllyk şertnama baglaşdy.Klub Brýugge Ýaremçugyň transferi üçin portugal klubuna 16+3 million ýewro berer.

Benfika topary oýunçynyň indiki transferiniň mukdary 10 million ýewrodan ýokary bolsa, onda olar şonuň 10 göterimini hem alarlar.Benfikadan öň Belgiýanyň başga bir kluby Gentde 4 möwsüm çykyş eden Ýaremçuk Dinamo Kiýewde futbola başlapdy. Ýaremçuk Benfikada 2 möwsümde 47 oýunda 9 gol geçirdi.

Ýene degişli makalalar

Ýewropada soňky çärýek asyryň çempionlary (habar-seljerme)
UEFA Çempionlar Ligasynda arakesme tamamlanýar
Şu gije Çempionlar Ligasyndaky soňky duşuşyklar geçiriler
“Real Madrid”, PSŽ, “Inter” toparlarynyň pleý-offdaky garşydaşlary belli boldy
Uly klublaryň kiçi hasaply ýeňişleri
Lionel Messiden öňe geçdi
Çempionlar Ligasynda 4-nji duşuşyklar: “Liwerpul” “Real”, PSŽ “Bawariýa”, “Man. Siti” “Borussiýa D”