USAID Türkmenistanyň hususy pudagyny kämilleşdirmek boýunça TSTB bilen hyzmatdaşlyk edýär

USAID Türkmenistanyň hususy pudagyny kämilleşdirmek boýunça TSTB bilen hyzmatdaşlyk edýär

ABŞ-nyň Halkara ösüş guramasy (USAID) we Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi (TSTB) 7-nji iýulda Türkmenistanda hususy pudagy ösdürmek maksady bilen özara düşünişmek barada Ähtnama gol çekdiler. Bu barada USAID-iň duşenbe güni ýaýradan metbugat beýanatynda habar berilýär.

Özara düşünişmek barada Ähtnama hususy pudagyň önümleriniň we hyzmatlarynyň eksportyny giňeltmek, bäsdeşlige ukyplylygy ýokarlandyrmak we maýa goýum ýagdaýyny gowulandyrmak maksady bilen hyzmatdaşlygy üpjün edýär.

Şeýle hem Ähtnama USAID-iň aýal-gyzlaryň we ýaşlaryň ykdysady kuwwatyny ýokarlandyrmak, şeýle hem sanlylaşdyrmagy, elektron söwdany we işewürlik pudagynda innowasiýalary goldamak üçin tutanýerli goldawyny nygtaýar. Özara düşünişmek barada Ähtnamanyň bu tagallalary has-da güýçlendirip, Türkmenistanda has dinamiki we bäsdeşlige ukyply hususy pudagy döretmäge ýardam berer diýlip garaşylýar.

USAID 10-njy iýulda Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyryşynyň 27 deputaty üçin halkara parlament tejribesi boýunça iki günlük okuw-maslahatyny tamamlady. Bu okuw-maslahatyna gatnaşyjylar kanun çykaryjylygyň öňdebaryjy tejribeleri bilen tanyşdyryldy we olara daşary ýurt parlamentleriniň netijeli işleri görkezildi.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi 2008-nji ýylda döredilip, ol bu günki gün Türkmenistanyň hususy işewürliginiň wekilleriniň 28 müňden gowragyny özünde jemleýär. Häzirki wagtda birleşmäniň agzalarynyň söwda boýunça haryt dolanyşygynyň depgini, 2008-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 39,3 esse ýokarlandy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan 13-nji Merkezi Aziýa Söwda forumyna gatnaşýar
Türkmenistanyň Stambuldaky täze Baş konsuly wezipä bellenildi, Aşgabatda Hindistanyň Garaşsyzlyk güni bellenildi, Türkmenistanda geçirilen gazuw-agtaryş işlerinde gadymy oturyp oýnalýan oýun toplumy tapyldy we beýleki habarlar
Ýurdumyzda eksporty ösdürmek üçin media platformasy işe giriziler
USAID Türkmenistanyň pomidor ýyladyşhanalaryna maslahatlary hödürleýär
USAID türkmen hünärmenlerine innowasiýalary öwrenmekde goldaw berýär
“Merkezi Aziýa ABŞ” sammitiniň bilelikdäki beýanaty
Türkmen senetçilerine önümleriniň dünýä bazarlaryna çykarylmagyna mümkinçilik döredilýär