Ýaramaz howa ýagdaýlary zerarly kofäniň bahasy gymmatlap biler

Ýaramaz howa ýagdaýlary zerarly kofäniň bahasy gymmatlap biler

Braziliýadaky we Kolumbiýadaky plantasiýalardaky ýaramaz hasyl üçin kofäniň bahasy birden gymmatlap biler. Bu barada “The Wall Street Journalyň” maglumatlaryna salgylanyp, rg.ru habar berýär.

Bellenilişi ýaly, meseleler, ilki bilen, Braziliýada ýüze çykdy. 2021-nji ýylyň gurakçylygy we doňakçylygy hasyla ýaramaz täsirini ýetirdi.Bu ýurtda öndürilýän “arabikanyň” funtdaky bahasy ABŞ-nyň 2,23 dollaryna barabar boldy.

Kolumbiýanyň kofe plantasiýalary hem ýaramaz howa şertlerinden ejir çekdi. Şu ýylda käbir plantasiýalarda hasyllylygyň derejesi iki esse peselip biler.Kofäniň bahasynyň gymmatlamagyna getirip biljek sebäpleriň ýene biri logistika meselesidir. Ýangyjyň bahasynyň ýokarlanmagy bilen, ýük daşamalaryň bahasy hem artdyryldy.

Ýene degişli makalalar

Ysraýylyň Gazadaky tunellere deňiz suwuny guýmagy meýilleşdirýändigi öňe sürüldi
ABŞ-da Uolt Disneýiň mülk ýeri satuwa çykaryldy
ABŞ-da Wolt Disneýiň mülk ýeri satuwa çykaryldy
WSJ: Ýewropa rus gazy üçin Aziýa bilen bäsleşmeli bolar
Genri Kissinjer: ABŞ Russiýa we Hytaý bilen söweşiň bosagasynda
Moskwa Gazagystanyň kömegi bilen sanksiýalardan sowulmak isleýärmi? Merkezi Aziýa Russiýadan ýüz öwürýärmi?