Ýeke legioner hem ýok, 12 futbolçysy-da 1 klubdan

Dünýä Kubogyny guraýjy Kataryň goňşusy Saud Arabystanynyň milli ýygyndysynyň hem düzümi belli boldy. “C” toparçada güýçli ýygyndylar Argentina, Meksika hem-de Polşa bilen duşuşjak Saud Arabystanynyň düzümindäki 26 futbolçynyň ählisi-de ýerli çempionatda çykyş edýär.

Tälimçi, fransiýaly hünärmen Herwe Renaryň çagyran 26 futbolçysynyň 12-si bir klubdan ýagny Er-Riýadyň “Al-Hilal” toparynyň oýunçylarydyr.Paýtagtyň başga bir wekili “Al-Nassr” toparyndan hem 6 futbolçy sanawa alyndy.

Umumylykda 26 futbolçy 6 kluba wekilçilik edýär.

DERWEZEÇILER: Mohammed Al-Owaýs (Al-Hilal), Mohammed Al-Ýami (Al-Ahli Jidda), Nawaf Al-Akidi (Al-Nasr Er-Riýad).

GORAGÇYLAR: Ýasser Al-Şahrani (Al-Hilal), Mohammed Al-Breýk (Al-Hilal), Ali Al-Bulaýhi (Al-Hilal), Saud Abdelhamid (Al-Hilal), Sultan Al-Ganam (Al-Nasr Er-Riýad), Abdulela Al-Amri (Al-Nasr Er-Riýad), Abdulla Madu (Al-Nasr Er-Riýad), Hassan Tombakti (Al-Şabab Er-Riýad).

ÝARTMGORAGÇYLAR: Salman Al-Faradž (Al-Hilal), Salem Al-Dawsari (Al-Hilal), Abdulla Otaif (Al-Hilal), Mohammed Kanno (Al-Hilal), Abdullela Al-Malki (Al-Hilal), Nasser Al-Dosari (Al-Hilal), Nawaf Al-Abed (Al-Şabab Er-Riýad), Hattan Bahebri (Al-Şabab Er-Riýad), Sami Al-Naji (Al-Nasr Er-Riýad), Ali Al-Hassan (Al-Nasr Er-Riýad), Abdurrahman Al-Obod (Al-Ittihad Džidda), Riýad Şarahili (Abha).

HÜJÜMÇILER: Firas Al-Breýkan (Al-Fateh), Saleh Al-Şehri (Al-Hilal), Haýtam Assiri (Al-Ahli Jidda)

Ýene degişli makalalar

Ýyldyzlaryň täze mesgeni “Saudi Pro Liga” (habar-seljeriş)
AÇL ― 2023/24: Ahaldan ýeňlen topar Ronaldunyň garşydaşy boldy
Futbol boýunça klublaryň arasyndaky dünýä çempionatyna 32 topar gatnaşar
AFK-nyň Çempionlar ligasynyň ähli pleý-offçulary mälim boldy
AFK-nyň Çempionlar ligasynyň 1/8 finalynda 16 toparyň 8-si kesgitlenildi
AFK-nyň Çempionlar ligasynda ähli toparçalar doly düzüldi