Ýelizaweta II-niň mirasdüşerleri britan monarhiýasynyň ykbalyny kesgitlärler

Ýelizaweta II-niň mirasdüşerleri britan monarhiýasynyň ykbalyny kesgitlärler

Ýelizaweta II-niň mirasdüşerleri bolan şazada Çarlz bilen şazada William gepleşik geçirer. Olar britan monarhiýasynyň ykbaly barada pikir alyşmak isleýärler diýip, “Daily Mail” gazetine salgylanmak bilen www.osnmedia.ru habar berýär.

Çarlz bilen William olaryň haýsysynyň şazadalar Filippiň, Garriniň we Endrýunyň wezipesini boýun aljakdygyny kesgitlär.Olar her ýyl köp dürli çärelere gatnaşýardylar.Indi muny şa maşgalasynyň beýleki agzalary, ilkinji nobatda Ýelizaweta II-niň körpe ogly şazada Edward bilen onuň aýaly ýerine ýetirmeli bolar.

Göz öňünde tutulýan ýene bir mümkinçilik şa maşgalasynyň howandarlygyndan peýdalanýan guramalaryň sanyny azaltmak. Şazada Çarlz şa maşgalasynyň uly agzalarynyň sanyny çäklendirmegiň tarapdary.Heniz şazada Filippiň ölmezinden öň, oňa diňe Ýelizaweta II-ni, onuň adamsyny, özüni, aýaly Kamillany we ogullary William bilen Garrini aýallary bilen degişli etmegi teklip etdi. Şeýle ýagdaýda şa aýalynyň beýleki çagalary we agtyklary wezipelerinden boşadylar. Şazada Çarlz şa aýalynyň ondan soň britan tagtyny miras aljak uly ogly.

Ondan başga-da, Ýelizaweta II-niň üç çagasy bar: şagyzy Anna, şazada Edward we şazada Endrýu.Britan tagty üçin ikinji orny Çarlzyň ogly şazada William eýeleýär, onuň kiçi dogany şazada Garri 2020-nji ýylda şa maşgalasynyň uly agzasynyň wezipelerini goýup, ABŞ-a göçdi.

Ýene degişli makalalar

Britanlar Şa zenany bilen hoşlaşdylar
Täç geýdiriş dabarasy geçiriler
Şazada Garriniň ýatlamalar kitabynyň çykjak senesi belli boldy
Karl III atlaryň satuwyndan 1 million funt sterling gazandy
Karl III şekillendirilen şaýylyklar hödürlendi
Täç geýdiriliş dabarasy guralar
Britaniýalylar Patyşa maşgalasynyň iň ýakymly agzasyny agzadylar