Ýewropa çempionaty - 2020-niň ikinji tapgyrynda Russiýanyň milli ýygyndysy Sankt-Peterburgda Finlýandiýany 1:0 hasabynda ýeňdi. Türkiýe Bakuda Uelsden ýeňildi (0:2), Italiýa bolsa Rimde Şweýsariýadan üstün çykdy (3:0).
B topar Finlýandiýa Russiýa 0:1 (Mirançuk, 45+2) Finlýandiýa Russiýa duşuşygynyň birinji ýarymynyň esasy gahrymany — Alekseý Mirançuk boldy. Ýeke-täk goluň awtory ilki gol üçin pursat döredip berdi, emma onuň ýoldaşy üç metrden topy derwezä gönükdirip bilmedi, soňra bolsa özi tapawutlanmagy başardy.
А topar Türkiýe Uels 0:2 (Remsi, 42, Roberts, 90+5) Türkiýäniň ýygyndysy bassyr ikinji duşuşykda janköýerlerini begendirip bilmedi.Ilkinji oýunda Italiýadan 3:0 hasabynda utulan türkmen, ikinji oýunda Uelsden 2:0 hasabynda ýeňildi.
Italiýa Şweýsariýa 3:0 (Lokatelli, 26, 52, Immobile, 89) Italiýanyň milli ýygyndysy eýýäm ikinji duşuşygyny 3:0 hasabynda ýeňip, ilki bolup Ýewro-2020-niň 1/8 finalyna çykmaga hukuk gazandy.
А topar: Italiýa 6 utuk, Uels 4, Şweýsariýa 1, Türkiýe 0.
