Ýewropa çempionatynyň käbir şäherleri üýtgedi

Dünýäde emele gelen çylşyrymly ýagdaýlaryň täsiri ýokary depginde dowam edýär.Sporta degişli ähli ýaryşlaryň kalendaryny üýtgeden kowid 19 Ýewropa çempionatynyň şäherleriniň-de çalşyrylmagyna sebäp boldy.UEFA-nyň degişli ýolbaşçylarynyň geçiren ýygnanyşygyndan soň iki şäher üýtgedildi.

Duşuşyklaryň tomaşaçyly geçip-geçmejekdigine kepilnama berip bilmedik iki şäher Dublin bilen Bilbao şäherleri sanawdan çykaryldy. Şeýlelikde, Bilbaodaky duşuşyklaryň Sewilýadaky “La Kartuha” stadionynda oýnaljakdygy habar berildi. Ýagny “E” toparçadaky 3 duşuşyk hem-de 1/8 finalyň 1 duşuşygy bu stadionda oýnalar.

Dublinde oýnalmaly oýunlar bolsa Sankt-Peterburg şäherine geçirildi. 1/8 finalyň bir oýny bolsa Londondaky “Wembleýde” oýnalar.

Duşuşyklara azyndan 14 500 tomaşaçynyň alynjakdygyny habar beren Münhen şäheri bolsa, sanawda galdy. Şeýlelikde, şäherleriň sany 12-den 11-e düşdi.

EURO 2020-niň duşuşyklarynyň geçiriljek şäherlerinden Budapeştdäki oýunlara 100, Sankt-Peterburg hem-de Bakudaky oýunlara 50, Amsterdam, Buharest, Glazgo, Kopengagen, Rim şäherlerindäki oýunlara 25-33 göterim janköýer alnar. Wembleýde geçiriljek duşuşyklarda stadionyň 25 göterimine tomaşaçy alnar.

The post Ýewropa çempionatynyň käbir şäherleri üýtgedi appeared first on Zaman Türkmenistan.

Ýene degişli makalalar

Ýewropanyň çempionlary “Türkmenistan sport” teleýaýlymynda belli bolar
Messiniň doganoglany toparyny ýokary liga çykardy
16 duşuşyk 48 gol
Münhende başlap, Berlinde tamamlanar
Depen topy gol bolýan hüjümçi Harri Keýn (makala)
“Türkmenistan Sport” teleýaýlymynda Ýewropa futboly göni ýaýlymda görkezilýär