Ýewropa ligasynda çärýek final duşuşyklarynyň bijeleri çekildi

Ýewropa ligasynda çärýek final duşuşyklarynyň bijeleri çekildi

Şu gün UEFA-nyň Nýon şäherindäki ştab-kwartirasynda Ýewropa ligasynyň çärýek final duşuşyklarynyň bijeleri çekildi.

Bijeler 1/8 finalda üstünlikli çykyş eden RB Leýpsig, Atalanta, Braga, Reýnjers, Barselona, Aýntraht, West Hem we Lion toparlarynyň arasynda çekildi.

Oňa görä, Germaniýanyň soňky ýyllarda üstünlikli çykyş edýän toparlarynyň biri bolan RB Leýpsig çärýek finalda Italiýanyň Atalantansynyň garşydaşy bolar. Germaniýanyň bu ýaryşda ýoluny üstünlikli dowam etdirýän başga bir wekili Aýntraht bolsa ýarym final üçin Ispaniýanyň Barselonasy bilen göreşer. Iňlisleriň West Heminiň indiki garşydaşy Fransiýanyň Liony boldy. Çärýek finalyň ahyrky jübüti Braga (Portugaliýa) ― Reýnjers (Şotlandiýa) boldy.

Çärýek finalyň ilkinji duşuşyklary 7-nji aprelde, jogap oýunlary bolsa 14-nji aprelde geçiriler. Şol günlerde ýeňiş gazanan toparlar 28-nji aprelde we 5-nji maýda geçiriljek ýarym final duşuşyklaryna gatnaşar.

Ýeri gelende aýtsak, RB Leýpsig we Atalantanyň arasyndaky ýeňiji ýarym finalda Braga ― Reýnjers duşuşygynyň rüstem gelen tarapy bilen duşuşar. Şeýle hem West Hem ― Lion duşuşygynda ýeňiş gazanan toparyň ýarym finaldaky garşydaşy Aýntraht ― Barselona jübütiniň ýeňijisi bolar.

Ýene degişli makalalar

Garaşylmadyk topar ýeňlişsiz öňde barýar
“Lasionyň” 4-nji, “Galatasaraýyň” 3-nji, “Mançester Ýunaýtediň” 1-nji ýeňşi
“Lasionyň”, “Lionyň”, “Tottenhamyň” 2-nji ýeňşi, “M. Ýunaýted” ýene-de ýeňip bilmedi
Täze möwsümde Çempionlar Ligasyna gatnaşjak 32 klubuň 26-sy belli
Öňünden çykany ýeňýär
Fransuz kluby üçin garaşylmadyk netije
Ahal Çempionlar ligasyndaky ilkinji duşuşygyny Aşgabatda geçirer