“Ýuwentusly” futbolçy ABŞ-nyň çempionatynda çykyş eder

“Ýuwentus bilen şertnamasy tamamlanan italiýaly ýarymgoragçy Federiko Bernardeski ABŞ-nyň çempionaty MLS-de çykyş eder.Ol Kanadanyň “Toronto” topary bilen 2026-njy ýylyň tomsuna çenli şertnama baglaşdy.

Bernardeski geçen möwsüm “Serie A”-da 28 oýunda 1 gol geçiripdi.Ol täze toparynda watandaşlary goragçy Domeniko Krişito hem-de winger Lorenzo Insinýe dagy bilen bile çykyş eder.

Bernardeski şu tomusda MLS-e geçen 2-nji “ýuwentusly” futbolçy bolup, ondan öň Jorjo Kiellini hem “Los Anjeles FK” toparynyň düzümine goşulypdy.

Ýene degişli makalalar

Şu ýyl täzelenilip biljek rekordlar
Iň gymmat şertnama
Sport habarlary
Sport habarlary
Futbol täzelikleri
FUTBOL TÄZELIKLERI