Zidan 150 million dollarlyk teklipden ýüz öwürdi

Fransiýaly meşhur tälimçi Zinedin Zidanyň Saud Arabystanyndan gelen teklipden ýüz öwrendigi bellenilýär.Bu barada “Foot Mercato” habar berýär.Habarda 51 ýaşyndaky tälimçiniň Saud Arabystanynyň meşhur klublarynda, häzirki Kristiano Ronaldonyň çykyş edýän topary “Al Nassrden” gelen 2 ýyl üçin 150 million dollarlyk teklipden ýüz öwrendigi barada durlup geçilýär.

Häzirki wagtda 28 oýundan soň 63 utuk bilen 2-nji orunda barýan “Al Nassr” klubuna wagtlaýynça Dinko Ýeliçiç tälim berýär.

Beýleki klublardan gelýän tekliplerden hem ýüz öwürýän Zinedin Zidanyň Fransiýanyň milli ýygyndysyna tälim bermek isleýändigi bellenilýär.

Ýene degişli makalalar

… we “Altyn top” baýragynyň eýesi Karim Benzema
Çempionlar ligasynyň ýarym finaly: Real Çelsi bilen birinji duşuşykda deňme-deň oýnady
Zinedin Zidan möwsümiň ahyrynda “Realdan” gidip biler
Ibrahimowiç Asteriks we Obeliks hakda täze filmde surata düşer
“Real Madrid” ýarym finalyň bosagasynda
Zidan Fransiýanyň milli ýygyndysyna baş tälimçi bolmak mümkinçiligi barada aýtdy