300-nji ýeňşi, 525-nji goly

Ispaniýanyň “La Ligasynda” “Barselona” myhmançylykda “Wilýarrealy” Suares we Messiniň gollary bilen 20 hasabynda ýeňdi. Şunlukda, Lionel Messi “Barselona” bilen “La Ligadaky” 300-nji ýeňşini gazandy (397 oýunda).

Argentinaly ýyldyz şol birwagtyň özünde-de bu klubdaky 525-nji goluny geçirdi.Messi bu babatda Ýewropanyň öňdebaryjy ligalarynda iň köp gol geçiren rowaýaty futbolçy, germaniýaly Gerd Müller bilen deňleşdi.

Müller 572 oýunda muny başaran bolsa, Messä 605 duşuşykda şeýle netijä ýetmek başartdy.* Italiýanyň çempionatynda “Italia” derbisinde “Ýuwentus”“Inter” duşuşygynda hasap açylmady.Bu tapgyrda “Roma-da”, “Napoli-de” öz duşuşyklaryny 00 tamamlady. “Milan” täze tälimçisi Gattusonyň ýolbaşçylygyndaky ilkinji ýeňşini gazandy.* Russiýanyň çempionatynda Moskwa derbisinde “Spartak” SSKA-ny 30 ýeňdi. “Tosnony” myhmançylykda 31 hasabynda utan “Lokomotiw” 1-nji aýlawy 8 utuk aratapawudy bilen öňde tamamlady.

Ýene degişli makalalar

Serie A-nyň 90-njy möwsümi başlaýar
“Real Madridmi” ýa-da “Barselona” “La Liganyň” täze möwsümi başlanýar
“Altyn top” baýragyna 8-nji gezek Lionel Messi laýyk görüldi
47-nji kubogyny gazanan Messi futbolyň taryhyndaky iň köp asist eden futbolçy
“Milanda” Montellanyň ornuna Gattuso
Italiýanyň we Ispaniýanyň çempionatlarynyň täze möwsümi