64 oýunlyk tomaşa başlaýar haýsy ýygyndy çempion bolar?

Sport äleminiň iň uly 2 guramaçylygynyň biri bolan futbol boýunça Dünýä Kubogynyň nobatdakysyna ertir, ýekşenbe güni badalga berler. 28 günläp dowam etjek çempionat ýer eýesi Katar bilen Ekwadoryň arasyndaky duşuşyk bilen açylar.

Toparçalarda geçiriljek 48 duşuşykdan soň 3-nji dekabrda-da gatnaşýan ýygyndylaryň deň ýarysy utulan-çykdy duşuşyklaryny geçirip başlarlar.Netijede, 18-nji dekabrda-da Lusail şäherindäki “Lusail Icon” stadionynda sabyrsyzlyk bilen garaşylan Katar 2022 Dünýä Kubogynyň çempiony belli bolar.

Başda belleýşimiz ýaly, iň uly 2 sport çäresiniň beýlekisi bolan tomusky Olimpiýa oýunlaryna garanyňda, has köp tomaşaçyny özünde jemleýän Dünýä Kubogynyň geçirilip başlanyna ýene-de 8 ýyldan bir asyr dolýar.

Futbol oýnunyň döredilmeginden 70-80 ýyl soň guralyp başlanan Dünýä Kubogyny esaslandyrmak ýeňil düşmeýär.Fransiýaly hünärmenler Žýul Rime bilen kömekçisi Anri Delani Dünýä Kubogyny esaslandyrmak üçin gapy-gapy aýlanmaly bolýar.

Käbir federasiýalary zordan, kynlyk bilen yrmagy başaran Rime we Delaniniň eden bu tagallasynyň netijesinde Dünýä Kubogynyň ilkinjisi 1930-njy ýylda Urugwaýda geçirilýär. Şondan bäri 21 Dünýä Kubogy geçirilip, irki ýyllarda toparlary çempionata gatnaşdyrmak hem ýeňil düşmeýär, gatnaşmaklary üçin ýalbar-ýakar, haýyş bary edilýär.

Geçirilýän ýeriň daşlygy, maliýe ýetmezçilikler, bizdäki çempionata gatnaşmady, siz bizdäki ýaryşa gelmediňiz, bizem baramzok, ýene-de şol yklymda geçirilýär, futbolyň watany biz bolanymyz üçin başyny biz başlamalydyk, aýakýalaňaç oýnamak islegi, syýasy boýkotlar, başgasynyň deregine gatnaşmak islemeýänler… ýaly garaz, dürli bahanalar bilen çempionata gatnaşmakdan ýüz öwren ýygyndylar bolýar. Ýöne şol günlerden geçilip, şu günlere gelinýär.

Häzirki wagtda Dünýä Kubogyna gatnaşmagyň özi uly abraý hasaplanyp, her çempionatyň saýlama tapgyrynda çykyş edýän ýygyndylaryň sany 211-e deňdir (Katar 2022 üçin).Olar ýer eýelerinden galan 31 orun üçin 2 ýyla golaý wagtlap jan aýaman ýiti göreş alyp barýarlar.

Başgaça aýdylanda, häzirki wagtda futbolyň iň uly bäsleşigine gatnaşmak isleýän ýurtlaryň sany 200-den hem köp bolup, olaryň diňe 32-si ygtyýar alýar (2026-njy ýylda 48-e çykarylar).

Bir söz bilen aýdylanda, dürli bahanalar bilen geleňsizlik edilip, äsgerilmedik Dünýä Kubogynyň üsti bu günki gün gyzyl el boldy.

Haýsy topar çempion bolar?!

Dünýä Kubogynyň nähili arzylydygyny ony bary-ýogy 8 ýygyndynyň gazanmagy bilen beýan etse bolýar.Her 4 ýyldan 1 gezek geçirilýän ýaryş, uruş sebäpli diňe 2 sapar geçirilmedi. Çempionaty şu wagta çenli 17 ýurt gurap, Katar olaryň 18-njisi bolar.

Mundan öňki çempionat Russiýada geçirilip, territoriýa babatda Dünýä Kubogyny guran iň uly ýurt bolupdy.Katar bolsa iň kiçi ýurt bolar. 220 million dollardan hem köp çykdajy eden Kataryň geçirjek bu çempionaty iň gymmat Dünýä Kubogy hökmünde hasaba alnar. 28 günläp dowam etjek çempionatyň ilkinji gezek güýz-gyş pasyllarynda geçirilmegi-de onuň iň uly aýratynlyklarynyň biridir.

Eýsem, 22-nji gezek geçirilýän Dünýä Kubogynda haýsy ýygyndy çempion bolar?Bu sowalyň jogabyna biz ýene-de laýyk 1 aýdan göz ýetireris.

Çempionlygyň iň esasy dalaşgärleri hökmünde Latyn Amerika ýurtlarynyň ikisi Braziliýa bilen Argentinanyň atlary agzalýar.Bu iki ýurda bäsdeş bolup biljek Ýewropa ýurdy-da soňky çempion Fransiýanyň ýygyndysy hasaplanýar.

Azda-kände Ispaniýanyň, Angliýadyr Germaniýanyň, Niderlandlaryň hem-de daşrak hem bolsa Portugaliýanyň ýygyndylarynyň çempionlygyň beýleki dalaşgärleri bolmagyna garaşylýar. Çempionlygy yzly-yzyna 4 gezek ýewropalylar gazanyp, olar arany birneme açdylar.

Indi gezek Günorta amerikalylaryňky ýaly.Iki tarap üçinem bitarap meýdançada geçiriljek bu aldym-berdimli göreşde bilermenlere görä, ummanyň aňyrsyndan gelenler bir ädim öňde görünýär.Braziliýa soňky çempionlygyny 20 ýyl öň Aziýada gazanan bolsa, Argentinanyň soňky saparky çempionlygynyň üstünden 36 ýyl geçdi.

Beýleki bir tarapdanam Dünýäniň super ýyldyzy Lionel Messi hem ajaýyp karýerasynyň üstüni kuboklaryň seresi bilen ýetirse, futbol muşdaklary üçinem, taryhyň altyn sahypalary üçinem kem bolmazdy.Messi bilen bir klubda çykyş edýän Neýmar hem özüniň başarnykly karýerasyna Dünýäniň iň uly kubogyny-da goşmak isleýär.

Şu wagta çenli Dünýä Kubogyny gazanan iki yklymyň Ýewropadyr Günorta Amerikanyň wekilleri üçinem bitarap hasaplanýan ýerlerde geçirilen çempionatyň birinjisinde Braziliýa (2002), ikinjisinde-de Ispaniýa çempion bolupdy (2010). Üçünjisinde haýsysynyň döwüniň rüstem geljekdigi ähli janköýerleri içgin gyzyklandyrýar. Ýewropalylardan öňe sürülýän Fransiýanyň ýygyndysynda ähli zat Kilian Mbappe we ýoldaşlarynyň nähili oýun görkezjekdigine bagly bolup durýar. Ýöne soňky ýyllarda çempion bolan ýygyndylaryň nobatdaky çempionatda toparçalardan hem çykyp bilmeýändigi, şu wagta çenli yzly-yzyna çempion bolmak diňe 2 ýygynda Italiýa bilen Braziliýa başartmagy (ikisi hem ýarym asyrdan öňki ýaryşlarda bu başarnygy gaýtalapdylar) ýaly faktlar, meniň pikirimçe, Fransiýanyň işini kynlaşdyrmasa, ýeňilleşdirenok.

Elbetde, statistikalar, rekordlar täzelenmek üçin bolup, belki-de Fransiýanyň ýygyndysy 2-nji statistika, ýagny yzly-yzyna çempionlyk gazananlaryň hataryna goşulyp biler.Gysgaça aýdylanda, Dünýä Kubogy 18-nji dekabrda PSŽ-li 3 super ýyldyzyň Messiniň, Neýmaryň ýa-da Mbappeniň haýsy hem bolsa biriniň elinde asmana göterilmegi mümkin.

Beýleki dalaşgärler barada-da aýdylanda, dünýäniň ýene bir super ýyldyzy Kristiano Ronaldo üçinem Katar 2022 soňky Dünýä Kubogy bolar.Ol hem özüniň ajaýyp karýerasy boýunça gazanan kuboklarynyň hataryna naýbaşysyny goýmak üçin jany-teni bilen göreşse gerek.

Futbolyň watany hasaplanýan Angliýa, ýaş oýunçylardan düzülen Ispaniýa, Hansi Flik bilen täze başlangyçlara gadam basan Germaniýa üçinem çempion bolmak mümkinçiligi daşda däl.

Çempionlygyň gizlin dalaşgäri bolsa, meniň pikirimçe, ussat hünärmen Lui Wan Gaalyň tälimçiligindäki Niderlandlaryň ýygyndysydyr. Sebäbi 11-nji gezek gatnaşýan Niderlandlar 3 gezek finaldan boş gaýdan ýeke-täk ýygyndy bolup, olar çykyş eden Dünýä Kubogy ýaryşlarynda şowly oýun görkezýärler. UEFA Milletler Ligasynda-da şowly çykyş eden Niderlandlaryň hem çempion bolmagynyň wagty gelip ýetdi.

Biz futbol janköýerlerine-de, çempionat bilen baglanyşykly ähli gürrüňlerden syýasy, ykdysady, geografik, taryhy gürrüňlerden üzňe galyp, aýna ýaly stadionlarda geçiriljek 64 duşuşyga futbolyň hözirini görüp, tomaşa edäýmek galýar.

Gazetiň sport synçysy.

Ýene degişli makalalar

Super ýyldyzlar Ronaldo, Neýmar meýdança çykýar: 5-nji günüň duşuşyklary
Dünýä Kubogynda 20 ýyldan soň täze çempion
Aziýa kubogynyň açylyş duşuşygynda Katar Liwany uly hasap bilen ýeňdi
Messi we ýoldaşlarynyň ýeňiş gazanmakdan başga alajy ýok 7-nji günüň duşuşyklary
Katar 2022-niň ilkinji iň uly sýurprizi
Messi, Mbappe meýdança çykýar Katar 2022-de 3-nji günüň duşuşyklary