AS: Messi “Inter Maýaminiň” paýdary bolar we Bekhemiň klubuna geçer

AS: Messi “Inter Maýaminiň” paýdary bolar we Bekhemiň klubuna geçer

Argentinanyň milli ýygyndysynyň we Fransiýanyň “Pari Sen-Žermen” klubunyň futbolçysy Lionel Messi 2023-nji ýylyň tomsunda “Inter Maýami” amerikan klubuna geçer. Bu barada Direct TV-niň žurnalisti Aleks Kandala salgylanyp, AS habar berýär. Muny RIA Nowosti ýetirýär.

Çeşmäniň maglumatlaryna görä, argentinaly hüjümçi şertnama boýunça soňky möwsümi parižliler üçin oýnar. Şeýle-de, Messi Baş futbol ligasynyň (MLS) amerikan toparynyň paýnamalarynyň 35 göterimini satyn alar.Onuň egindeş eýesi Angliýanyň milli ýygyndysynyň öňki futbolçysy Dewid Bekhemdir.

Bellenilişi ýaly, Messiniň geçmegi fransuz toparyna Angliýanyň “Liwerpul” toparynyň hüjümçisi Mohamed Salah bilen şertnama baglaşmaga mümkinçilik berer.Messi erkin agent hökmünde 2021-nji ýylyň tomsunda “PSŽ-a” geçdi. Şu möwsümde ol klub üçin ähli ýaryşlarda 31 oýna gatnaşyp, dokuz gol geçirdi we 13 netijeli geçirim etdi.

Ýene degişli makalalar

Messi ýok, ýeňşem ýok
Messiniň MLS-däki ilkinji goly
Messiniň MLS-däki ilkinji goly
“Barselonalylar” Maýamide jemlenýär
Messi Maýamide
Serhio Buskets Inter Maýamide Messiniň topardaşy boldy