Awstraliýada iýundan bäri ilkinji gezek ýekeje-de COVID-19 ýagdaýy hasaba alynmady

Awstraliýada iýundan bäri ilkinji gezek ýekeje-de COVID-19 ýagdaýy hasaba alynmady

Awstraliýanyň lukmançylyk hyzmatlary 9-njy iýundan bäri ilkinji gezek soňky bir günüň içinde COVID-19 koronawirus ýokanjynyň täze ýagdaýyny hasaba almady diýip, ýurduň Saglygy goraýyş ministri Greg Hant habar berdi. Muny INTERFAX.RU ýetirýär.

Günbatar KHBS-i daşary ýurtlardan gelýän Awstraliýanyň ýaşaýjylarynyň bolýan karantin desgalarynda henizem bu keseliň az sanynyň hasaba alynýandygyny belleýärler.Häzirki wagtda ýurtda 200-e golaý işjeň kesel ýagdaýy bar.

Muňa garamazdan, ozal häkimiýetler tarapyndan karantin girizilen Awstraliýanyň ikinji uly şäheri Melburnda ýaşaýjylaryň öýlerinde galmagy bilen bagly buýruk ýatyryldy.Dükanlar, barlar we restoranlar gaýtadan açyldy.Häzirki wagtda Awstraliýanyň häkimiýetleri pandemiýa sebäpli daşary ýurtlarda galan awstraliýalylaryň öýlerine gaýdyp gelmegi, epidemiýa sebäpli biri-birinden aýra düşen maşgalalary birikdirmek, ýurduň içinde erkin hereketi dikeltmek üçin işleri alyp barýarlar.

Worldometers statistiki saýtynyň maglumatlaryna laýyklykda, Awstraliýada pandemiýa döwründe koronawirus bilen 27 595 adam keselledi, şolardan 907 adam ýogaldy, 25 336 adam sagaldy.

Ýene degişli makalalar

Tennis boýunça Awstraliýanyň açyk çempionatynyň baýrak gaznasy 57,8 million amerikan dollaryna ýetdi
Werstappen Saud Arabystanynyň Gran-prisinde ýeňiji boldy
AFK-nyň Çempionlar ligasynda Ruslan Mingazowyň we Andres Inýestanyň toparlary duşuşar
AFK-nyň Çempionlar ligasynda ähli toparçalar doly düzüldi
Ertir AFK-nyň Çempionlar ligasynda saýlama duşuşyklar geçiriler
Kitçi AFK-nyň Çempionlar ligasyna Taýlandda taýýarlyk görer
AFK-nyň Çempionlar ligasy: Gündogar zolakdaky duşuşyklary kabul etjek döwletler belli boldy