Bawariýa baş tälimçisini täzeleýär

Bawariýa baş tälimçisini täzeleýär

Mýunheniň Bawariýa kluby garaşylmadyk ýagdaýda bäş tälimçi Ýulian Nagelsmanny işden boşatdy.Bu barada toparyň şu gün resmi ýagdaýda mälim etmegine garaşylýar diýip, Bild neşiri ýazýar. 35 ýaşly hünärmeniň işden boşadylmagyna sebäp hökmünde DÇ-2022-den soňra Bawariýanyň bundesligada özünden 9 utuk yzda gelýän Dortmundyň Borussiýasyny öňe geçirendigi görkezilýär.

Mundan başga-da, klubyň ýolbaşçylar düzüminiň Nagelsmannyň bu möwsümde hiç bir ýaryşda kubok gazanyp bilmezlik ähtimallygyndan howatyrlanandygy hem bellenilýär.

Bawariýanyň täze baş tälimçisi şu möwsümiň başynda garaşylmadyk ýagdaýda Çelsiden işden boşadylan Tomas Tuhel bolar. Insaýder Fabrisio Romanonyň ýazmagyna görä, Tuhel Mýunhen kluby bilen 2,5 ýyllyk şertnama baglaşmaga razylyk beripdir. Eger-de, Tuhel Bawariýanyň baş tälimçiligine resmi taýdan bellenilse, onuň ilkinji oýny ozal halypalyk eden topary Dortmundyň Borussiýasyna garşy geçer.

Ýeri gelende bellesek, Bawariýadan işden boşadylan Nagelsmann bilen Real we Çelsi ýaly toparlar içgin gyzyklanyýarlar.

Ýene degişli makalalar

Borussiýa ÝÇL-iň ýarym finalynyň deslapky oýnunda PSŽ toparyny ýeňdi
Ýene bir ýeňiş Baýeri Bundesliganyň çempionyna öwrer
Mýunheniň gümrükhanasy Şwarseneggere 35 müň ýewro jerime saldy
Milan CAFA Nation's Cup 2023-de gatnaşýan hüjümçini düzümine goşmak barada pikirlenýär
6-njy martda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Koreýa Respublikasynda Son Hyn Miniň ornuny başga futbolçy eýeledi