Baýramçylyk 'şowhunsyz' bellendi. Ilata öýde bolmak maslahat berildi

Baýramçylyk 'şowhunsyz' bellendi. Ilata öýde bolmak maslahat berildi

Türkmenistan bir aýlap gören taýynlyklaryndan soň döwlet garaşsyzlygynyň 31-nji ýyldönümini belläp geçirdi. Bu ýyl baýramçylyk ýurtda köp duýulmandyr. Ilat köpçüliginiň agyr ykdysady kynçylyklar bilen bagly gündelik aladalardan başga-da, öňki ýyllardan tapawutlylykda uly dabaralar hem bolmandyr, köçelerde adam az bolup, öňküleri ýaly ilatyň dürli gatlaklaryny gatnaşdyryp, gurnalan çäreler hem geçirilmändir. Azatlyk Radiosynyň habarçylary Türkmenistanyň dürli welaýatlaryndan habar berýär.

Ýurduň gündogarynda Lebap welaýatynda baýramçylyk güni 27-nji sentýabrda döwlet edaralaryň işgärleri, öňki ýyllardan tapawutlylykda, köpçülikleýin çärelere gatnaşdyrylmady. Baýramçylyk dabaralary hem uly bolmady.

Irden sagat 9-da Türkmenabadyň esasy meýdançasynda döwlet baýdagyny galdyrmak dabarasy geçirildi, güller goýuldy, esasan ýaşlar we ýaşulular gatnaşdyryldy. Bu barada Azatlygyň Lebapdaky habarçysy maglumat berdi.

Onuň sözlerine görä, öňki ýyllardan tapawutlylykda Türkmenabatda baýramçylyk konsertleri we baýramçylyk feýerwerkleri hem bolmady. Köçeler boş göründi. Ýollarda pyýada we awtoulag azdy.

"Diňe bir Lebabyň söwda merkeziniň girelgesinde 50 adamyň toplanandygy göze ildi" - diýip, habarçy aýty.

Şeýle hem, bazarlarda baýramçylyga gabat gyt harytlaryň söwdasy ýola goýulmady. Adatça, baýramçylyklarda ýurt ýaşaýjylary birnäçe aýlap satylmaýan azyk harytlarynyň käbirini satyn almak mümkinçiligine eýe bolýardy.

Köp maşgala ýeter-ýetmezçilik zerarly baýramçylygy duýmady. Sebitiň ilatynyň aglaba köplügi aşa garyplykda ýaşaýar. Işsizlik, korrupsiýa we barha agyrlaşýan sosial meseleler welaýatyň işe ukyply ilatyny zähmet migrasiýasyna mejbur etdi. Dünýädäki global ykdysady krizis, daşary ýutlrdaky işçi migrantlaryň we olaryň gazanjyna garaşly Türkmenistandaky maşgalalaryna agyr täsir etdi.

Bu aralykda, Garaşsyzlyk güni Türkmenabatda polisiýanyň gözegçiligi artdy.

"Agşam sagat 9-dan soň köçede, şol sanda awtoulaglarynyň ýanynda duran adamlar, öýlerine dargadyldy. Polisiýa sesi gataldyjylar bilen duýduryş berdi" - diýip, Azatlygyň Lebap welaýatyndaky habarçysy aýtdy.

Onuň sözlerine görä, şu gezek döwlet baýramçylygyndan ýönekeý adamlaryň gören peýdasy kanuna laýyk göz öňünde dynç güni bilen çäklenipdir.

Maryda, baýramçylyk güni söwda we hyzmat ugrunda işleýän ýerli kärhanalaryň işi çäklendirildi. Restoranlar, kafeler, çaýhanalar, toý we beýleki salonlar, çörek bişirýän kärhanalar agşam sagat 9-da ýapylmaly edildi.

"Kärhanalara diňe 21:00 çenli işlemäge rugsat berildi. Telekeçiler iň bolmanda baýramçylykda gazanç etmegi umyt edipdi. Indi köpler baýramçylyk günlerinde işiniň çäklidigine we öýlerinde galmaga mejbur bolýandyklaryna nägilelik bildirdi" - diýip, Marydaky habarçymyz aýtdy.

Adaty günlerde ýerli kärhanalar sagat 23:00 çenli işläp bilýär.

Baýramçyk güni güýçlenen polisiýa gözegçiligini öňki tussaglar, şol sanda bir gün öň baýramçylyk mynasybetli tussaghanadan boşadylan raýatlar hem duýdy. Habarçynyň sözlerine görä, polisiýa olara baýram güni öýlerinde galmagy buýurdy.

Polisiýanyň gözegçiliginiň güýçlendirilendigi şäheriň ýollarynda we pyýadalar üçin geçelgelerde duýuldy.

"Baýramçylyklar polisiýa üçin girdeji çeşmesine öwrüldi, olar baýram günleri adaty günlere garanyňda adamlar has gysýarlar. Köp adamlar şol gün öýünde galmagy makul bilýärler" - diýip, Azatlygyň habarçysy gürrüň berdi.

Ýurduň häkimiýetleri bir aýlap Garaşsyzlyk gününi bellemäge taýýarlyk gördüler. Taýýarlyk döwründe, "gara sanawlarda" ady bolan adamlaryň yzarlanmagy, narkodispanserlerde hasaba alnan ýa-da öň tussaglygy başdan geçiren adamlara basyş hasam güýçlendi. Welaýatlarda başga sebitlerden baryp ýaşaýan adamlar kowuldy.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Aşgabatdaky fransuz aşhanasynyň restorany Dejavu eýwanynyň açylyşyna çagyrýar
Aşgabatdaky Soltan Open Air restorany tomsuň yssy howasynda dynç almak üçin iň gowy mümkinçilik
Aşgabatdaky Soltan restoranlar zynjyry restoran işine döwrebap garaýyş
Aşgabatda ogurlyklar ýygy-ýygydan ýüze çykýar
Awazadaky myhmanhana işgärleri syýahatçylaryň azlygyndan alada edýärler
Gazana gaçan hekaýalar
Aşgabatdaky ZIP 90 restorany maşgala we iş dabaralaryny guraýar