TMK-nyň uly zalynda ýurduň medeni durmuşynda özboluşly waka bolan konsert geçdi. Daňatar Öwezow adyndaky Ýörüte döwlet sazçylyk mekdebiniň simfoniki orkestriniň ýerine ýetiren çykyşlarynyň aýratynlygy oňa türkmen kompozitorlarynyň täze eserleriniň üçüsiniň we ХIХ asyr Günbatar Ýewropa kompozitporlarynyň eserleriniň ikisiniň ýurdumyzda ilkinji gezek ýerine ýetirilmegindedi.
Çykyşlar Sesil Forsaýtyň orkestr bilen alt üçin konserti bilen açyldy. Forsaýt ussat altçy bolupdyr, bu onuň eseriniň stilistikasynda-da duýulýar. Eziz Jumanyýazow dirižýor taýajygyny salgandan ýumşak melodiki öwrümleri bilen utgaşyp gidýän joşgunly saz ýaňlanyp ugrady. Alt partiýasyny Toýly Ýagşyýew ýerine ýetirdi.
Britan komozitorynyň sazynyň yzysüre türkmen kompozitory Meret Annamyradowyň “Garagum” eseri ýerine ýetirildi, Goboýy ýekelikde Gurbanberdi Begenjow çaldy. Goboýyň güýçli we göwrümli owazy hyýalyňda joşgunly durmuşly, bahar aýlary gözellige bürenýän jadylaýjy çöl tebigatyny janlandyrýar. Meret Annamyradowyň sazy gumuň özboluşly dünýädigi barada gürrüň berýär. Ýygnananlar awtora we orkestriň sazandalaryna el çarpmalar bilen sag bolsun aýtdylar.
Soňra Ferdinand Dawidiň trombon we orkestr üçin konsertinosy ýerine ýetirildi. Ferdinand Dawid bu eserini iň gowy trombonçy dosty üçin ýazypdyr diýen pikir bar, belki, şonuň üçindir ol şeýle joşgunly we hyjuwly ýaňlandy. Trombon partiýasyny Döwran Gylyjow ýerine ýetirdi. Diňleýjiler ony şowhunly el çarpmalar bilen alkyşladylar.
Suhan Tüýliýewiň “Gözelim” atly 2 bölümden ybarat wiolençel üçin eseri hem ilkinji gezek çalyndy. Wiolençel partiýasyny Kakageldi Hojalekow ýerine ýetirdi. Suhan Tüýliýew eserinde Watana, enä, zenana... söýgüsini beýan edýär. Diňleýjiler oňa ýokary baha berdiler, muňa olaryň şowhunly el çarpmalary-da şaýatlyk edýär.
Soňra Alişer Bazarowyň solistler, hor we simfoniki orkestr üçin “Türkmenistan” aýdymynyň premýerasy boldy. Aýdymçylar Kadyr Esenow, Çynar Gutlyýeewa we Türkmenistanyň Daňatar Öwezow adyndaky Ýörüte döwlet sazçylyk mekdebiniň simfoniki orkestri goşuldylar (hormeýsteri Maýa Amangeldiýewa). Watanperwer aýdym dabaraly we joşgunly ýaňlandy. Tomaşaçylar TMK-nyň kompozisiýa hünäri boýunça birinji ýyl talyby Alişer Bazarowy el çarpmalar bilen mübäreklediler.
