BMG-niň wekilleri Somalide açlyk howpy barada biýnjalyk bolýarlar

BMG-niň wekilleri Somalide açlyk howpy barada biýnjalyk bolýarlar

Somalide bäş ýaşa çenli çagalaryň 1,8 milliony ýiti iýmit ýetmezçiligine uçrap bilerler. Muňa howanyň üýtgemegi, energiýa ýetmezçiligi we azygyň hem-de dökünleriň nyrhynyň gymmatlamagy sebäp bolýar. Bütindünýä azyk maksatnamasynyň maglumatlaryna laýyklykda, ýylyň başyndan bäri dünýäde açlyk çekýänleriň sany 63 million artyp, 345 milliona ýetdi.

Birleşen Milletler Guramasynyň bilermenleriniň pikiriçe, öňdäki üç aýyň dowamynda doýagarna naharlanmazlyk Somaliniň ilatynyň azyndan 41 göterimine galtaşyp biler. Düýn bellenen Bütindünýä azyk gününde Azyk we oba hojalyk guramasynyň (FAO) guramasynyň wekilleri bu sebite üns çekmek islediler.

BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasynyň Somalidäki wekili Etýen Peterşmitt: Biz haýyr-sahawat heläkçiliginiň yglan edilmegine garaşyp, el gowşuryp oturmaly däldiris, giç bolmanka hereket etmegimiz gerek. 2011-nji ýylda Gündogar Afrikada açlykdan 260 müň adam heläk boldy. Açlyk barada resmi yglan edilmegine çenli olaryň ýarysy eýýäm pida boldy diýýär.

Geçen ýylyň noýabryndan bäri Somali adatdan daşary guraklykdan ejir çekýär, milliondan gowrak adam klimatiki bosgunlyga ýüz urdy. Açlyk, esasan, ýurduň günorta we merkezi etraplaryna howp salýar. Arassa içimlik suwuň ýetmezçiligi merginiň we gyzamygyň ýaýramak howpuny artdyrýar.

Häzirki guraklyk biziň soňky kyrk ýylda ýüzbe-ýüz bolan iň agyr guraklygymyzdyr. Ondan 8 million adam ejir çekdi, bu ýurduň ilatynyň ýarpy bölegi diýmekdir diýip, Etýen Peterşmitt gürrüň berýär.

Oxfam halkara bileleşiginde ýylyň aýagyna çenli Günorta Afrikada her 36 sekuntda bir adamyň açlykdan heläk boljakdygyny aýdýarlar. Somaliden başga-da ýagdaý Keniýada, Efiopiýada, Günorta Sudanda we beýleki ýurtlarda barha ýitileşýär. Bu barada Euronews.com ýazýar.

Ýene degişli makalalar

Russiýa: "Galla ylalaşygyny dowam etdirmäge hiç hili sebäp ýok" diýdi
Russiýanyň Döwlet baştutany Galla ylalaşygy barada beýanat berdi
Putin Afrikaly liderler bilen duşuşyk geçirdi
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Somalide Sil Apaty Sebäpli 5 Adam Ýogaldy
BMG Afrika ýurtlaryna kömek üçin 7 milliard dollar sorady
BSGG dünýäde mergi keseliniň ýaýramak howpunyň ýokarydygyny habar berdi