Dortmundyň Borussiýasy 3:2 hasabynda Sewilýadan üstün çykdy

Dortmundyň Borussiýasy 3:2 hasabynda Sewilýadan üstün çykdy

Çempionlar ligasynyň 1/8 final tapgyrynyň birinji duşuşygynda Dortmundyň Borussiýasy ispan Sewilýasyndan 3:2 hasabynda üstün çykdy.

Sewilýadan Suso 7-nji minutda hasaby açdy, emma Borussiýa 19-njy minutdan 43-nji minut aralygynda üç gol geçirmegi başardy.Ilki Mahmud Daud hasaby deňledi, soňra Erling Holand iki pökgini öz adyna ýazdyrdy.

Ispan klubundan Lýuk de Ýong 84 minutda bir gol geçirmegi başardy.Holand Çempionlar ligasynyň 13 duşuşygynda 18 gol geçirdi.Häzirki dowam edýän möwsümde norwegiýaly oýunçy Borussiýanyň düzüminde ähli ýaryşlarda 24 oýunda 25 gol geçirmegi başardy.

Sewilýa we Borussiýa mundan öň Ýewropa ligasynyň 2010/11 möwsüminden toparlaýyn tapgyrda duşuşypdy. Şonda Sewilýa myhmançylykda ýeňiş gazanyp, öz meýdançasynda deňme-deň oýnapdy.Jogap duşuşygy 9-njy martda Dortmundda geçiriler.

Ýene degişli makalalar

Täze möwsümde Çempionlar Ligasyna gatnaşjak 32 klubuň 26-sy belli
Goal Çempionlar ligasynda çempion bolup biljek toparlaryň reýtingini düzdi
16 duşuşyk 48 gol
Stambulda 1,6 milliard ýewrolyk final
29 ýyldan soň UEFA-nyň 3 ýaryşynda-da italýan klublary finalda
“Betis” hem-de “Wilýarrealyň” täze oýunçylary
“Real Madrid” her gezegem toparçadan çykmagy başardy